Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çoganlyda gurlan täze jaýlardan antennalary, split sistemalary aýyrdýarlar


Çoganly şäherçesi (Illýustrasiýa)
Çoganly şäherçesi (Illýustrasiýa)

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň habar bermegine görä, Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän Çoganlynyň ýaşaýjylaryndan öz oturdan emeli hemra antennalaryny, sowadyş we wentilýasiýa enjamlaryny aýyrmagy talap edilýär.

"Bizden emeli hemra antennalaryny, sowadyş we ýyladyş enjamlaryny, hatda aşhanadaky we hammamdaky wentilýasiýa enjamlaryny hem sökmegi talap edýärler. Adamlaryň köpüsi bulary göçüp gelen mahaly oturdypdy. Şonda bize "daşardan şeýle enjamdyr-ulgamlar görünmese bolýar" diýdiler. Käbir hojalyklar ol enjamlary howlusynyň içine göçürdiler. Häzir bolsa ýerli häkimiýetleriň wekilleri öýme-öý aýlanyp, olaryň doly sökülmegini talap edýärler" diýip, Çoganlyda ýaşaýan bir zenan Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar 100 çemesi täze jaýda antenna, sowadyş enjamlary, wentilýasiýa ýaly beýleki ulgamlar göz öňünde tutulmansoň, adamlaryň özleri olary gurnamaly bolupdyr. Olaryň aýtmagyna görä, şonda şeýle enjam we ulgamlaryň gadaganlygy barasynda hiç kim resmi duýduryş etmändir.

Azatlyk Radiosyna bu ugurda Aşgabat şäher häkimliginden nähilidir bir kommentariýa almak başartmady.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Çoganlyda ýaşaýan bir raýatyň sözüne görä, ol ýeriň ýaşaýjylarynyň aglaba bölegini soňky ýyllarda Aşgabatda öýleri ýykylan, emma kredit bilen täze jaý almaga gurby çatmaýanlar emele getirýärler.

"Elbetde, bu ýerde her kimiň kotej jaý almaga gurby çatmaýar. Bu ýerde ýykylan jaýynyň öwezine öý berlenler hem bar. Ýöne munyň üçin ýerli häkimiýetler bilen düşünişmek zerur. Umuman, jaýy ýykylan iki maşgala bilelikde bu ýerde diňe bir kotej berýärler. Bu ýerde jaý satyn almaga hemmeleriň mümkinçiligi ýok" diýip, ol ýeriň ýene bir ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmesiniň aýtmagyna görä, Çoganlyda jaýlaryň bahasy soňky ýyllarda hasam ýokarlanyp, ortaça ýüzden 20 göterim gymmatlapdyr. Häzirki döwürde Çoganlyda bir jaýyň bahasy 396 müň manada (113 müň amerikan dollary) barabardyr.

Aşgabat şäheriniň abadanlaşdyrylmagy çäginde 1990-njy ýyllarda köpçülikleýin ýagdaýda hususy ýaşaýyş jaýlar guramaçylykly ýykylmaga başlandy. 2015-nji ýylyň başynda diňe Çoganlyda bolan jaý ýykylşykda 10 müňden gowrak hususy jaý ýumruldy. Ýaşaýjylaryň aglaba köpçüliginiň ykbaly bolsa henizem nämälimliginde galýar.

Garaşsyz çeşmeleriň we adam hukuklaryny goraýan guramalaryň maglumatlaryna görä, jaý ýykylşygynda ýaşaýjylaryň aglaba köpçüligi öýsüz-öwzarsyz we öwezine berilmeli kömekden hem mahrum galypdyr. Ýerli häkimiýerler bolsa, ýykylan jaýlaryň eýeleriniň kanuny taýdan hususy eýeçilik hakynyň bolmandygyny öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG