Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mihail Saakaşwili häkimiýetlere boýun bolmajagyny aýtdy


Gürjüstanyň öňki prezidenti we Ukrainanyň oppozision lideri Mihail Saakaşwili protestçileriň lagerinde, Kiýew, 6-njy dekabr, 2017.
Gürjüstanyň öňki prezidenti we Ukrainanyň oppozision lideri Mihail Saakaşwili protestçileriň lagerinde, Kiýew, 6-njy dekabr, 2017.

Gürjüstanyň öňki prezidenti we Ukrainanyň oppozision lideri Mihail Saakaşwili öz tarapdarlarynyň ony Kiýewde tussaglykdan boşadanlaryndan soň häkimiýetlere garşylyk görkezmegi wada berdi.

6-njy dekabrda özüni häkimiýetleriň eline tabşyrmak boýunça kesgitlenen möhletiň dolmagynyň öňüsyrasyda Saakaşwili parlamentiň öňünde ýerleşýän protestçileriň lagerinde tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda özüniň boýun bolmajagyny aýtdy.

“Men derňewçiler bilen bu ýerde lagerde gepleşmäge taýýar” diýip, Saakaşwili aýtdy.

5-nji dekabrda prokurorlar Saakaşwiliniň häkimiýetlere boýun bolmagyna 24 sagat berdiler. Saakaşwiliniň çykyşy 6-njy dekabrda Kiýewde parlamentiň golaýynda milli polisiýanyň we protestçileriň arasynda çaknyşygyň yzýanyna gabat geldi.

Polisiýanyň Saakaşwilini gözläp çadyrlary barlanlarynda dörän çaknyşyklarda azyndan dört polisiýa işgäri ýaralandy. Protestçiler dokuz aktiwistiň ýaralanandygyny habar berdiler.

Ukrainanyň häkimiýetleri 5-nji dekabrda öz öýünde tussag edilen Saakaşwiliniň tarapdarlary tarapyndan boşadylmagynyň yzýany ony gözlemegi tabşyrdylar.

XS
SM
MD
LG