Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda dollaryň 'gara bazar' nyrhlary on manatdan aşdy


Turkmenistan -- Old and new Manat with US Dollar banknotes, 01Jul2009
Turkmenistan -- Old and new Manat with US Dollar banknotes, 01Jul2009

Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” nyrhlary soňky ik-üç aýyň dowamynda rekord derejelere baryp ýetdi. “Dollar söwdagärleri şu günler dollary 9 manat 80 teňňe bilen 10 manat aralygynda satyn alýarlar, satanlarynda bolsa 10 manat 30 teňňe - 10 manat 60 teňňe aralygynda satýarlar” diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi Aşgabatdan habar berdi.

Türkmenistanda dollaryň resmi kursy 3,5 manat nyrhynda saklanýar, emma muňa garamazdan, soňky aýlarda dollaryň “gara bazar” nyrhlary gününi sanap diýen ýaly ýokarlanýar, ýogsa arasynda on gün, bir hepde bazar nyrhlary saklanan ýaly hem edýär.

Maglumat üçin aýdylsa, geçen ýylyň noýabr aýynda dollaryň gara bazarynda bir amerikan dollaryny 6.40 manatdan satyn alyp, ilata 6.80 manatdan satýardylar.

Mälim bolşy ýaly, walýuta alyş-çalyş operasiýalaryna girizilen çäklendirmeler geçen ýylyň oktýabr aýynda bir dollaryň 8 manada çenli baryp ýetmegine sebäp boldy, emma 2016-njy ýylyň noýabrynda gara bazardaky dollaryň bahasy 6.20 manada çenli arzanlady.

Dollar nyrhlarynyň häzirki ýokarlanmasy halkara töleg sistemasy bolan VISA-nyň Türkmenistanyň banklaryna hyzmat etmegini togtatmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Habarly adamlaryň tassyklamagyna görä, türkmen banklarynyň VISA kompaniýasynyň öňündäki bergileri, şeýle-de Türkmenistanyň maliýe häkimiýetleriniň töleg kartlarynyň ulanylmagyna girizýän eden-etdilikli çäklendirmeleri VISA-nyň türkmen banklaryna hyzmatyny kesmegine alyp geldi.

Mundan öň Türkmenistanyň banklarynyň daşary ýurtlarda gije-gündiziň dowamynda nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberini 50 dollara, nagt däl söwdanyň möçberini 200 dollara çenli kemeldendigi, munuň üstesine öz hasabyňdan şeýle çäkli serişdäni harçlamagyň hem aňsat başartmaýandygy hakynda habarlar çykdy.

Şonuň bilen bir wagtda dollar türkmenistanlylaryň durmuşyna gitdigiçe çuň aralaşaýar we ilatyň gündelik güzeran, ýaşaýyş aladalaryna barha uly täsir ýetirýär diýip, ýeli çeşmeler habar berýär.

Munuň sebäbi, aýdylmagyna görä, ýurduň bazarlarynda satylýan azyk we senagat harytlarynyň bahalary dollaryň türkmen manadyna gatnaşygyna berk baglylykda kesgitlenilýär.

“Ýurtda öndürilýän azyk we senagat harytlary mukdar taýdan-da, hil taýdan-da ilatyň islegini kanagatlandyrardan has bärde, bu ýagdaý bazarlaryň daşary ýurt harytlaryna, diýmek dollaryň nyrhyna garaşlylygyny güýçlendirmese gowşatmaýar” diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran ýerli synçy Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şeýle-de Türkmenistanda dollaryň bahasynyň durmuşyň tas ähli uguna täsir ýetirýändigi aýdylýar.

Ogul öýerjek, gelin edinjek bolsaň-da, dollaryň bahasy täsir edýär. Häzir gyz üçin salynýan galyňyň möçberi-de, almaly halatlaryň, gyzyl-kümüş şaýlaryň bahasy-da barha artýar,olaryň bahasy dollaryň türkmen manadyna bolan gatnaşygy esasynda ýokarlanyp gidip otyr” diýip, Azatlygyň başga bir söhbetdeşi aýtdy.Onuň tassyklamagyna görä, toý bilen bagly harytlaryň hem köpüsi daşary ýurtlardan getirilýär we ençeme elden geçirilip, üstünden birnäçe adamyň haýyr görmegi bilen satylýar.

Dollaryň “gara bazar” nyrhlarynyň ýokarlanmagy Türkmenistanda işsizleriň işe ýerleşmeginiň hem barha kynlaşmagyna alyp gelýär. Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly işsiz häzir işe girmek üçin pesinden 2 müň dollar para soralýandygyny, munuň 21-22 müň manat bolýandygyny aýtdy. Ol “21-22 müň manadym bar bolsa, işi näme edeýin? Onça pulum bolsa, biraz oňşuk ederdim ýa kiçijik bir söwda-satyk işini ýola goýardym” diýip zeýrendi.

Adynyň aýdylmazlygyny soran maliýe işgäri türkmen manadynyň häzir 2009-njy ýylyň pul reformasyndan ozalky derejesinden hem pese gaçandygyny aýtdy. “2009-njy ýylda dollaryň gara bazar nyrhy ortaça 25-26 maň manatdy we käte 27 müň manada ýetýärdi. 27 müň manady häzirki pula geçirseň, ol 5 manat 40 teňňe bolýar, bu türkmen manadynyň häzir 2009-njy ýyldaky reformadan öňküsinden hem iki esse hümmetini ýitirendigini görkezýär” diýip, maliýe işgäri Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda dollaryň we manadyň arasyndaky gatnaşygyň üýtgeýşi we bazar nyrhlarynyň ýokarlanyşy, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan maddy kynçylyklary barada maglumat berilmeýär.

Ekspertler Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini aýdýarlar, bu krizis häkimiýetleriň erkin walýuta alyş-çalyşlaryny ýatyrmagy bilen baglylykda häzirki ýagdaýa gelmegine sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG