Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň Iýerusalimi paýtagt hökmünde ykrar etmegi tankyt edilýär, ýöne zorluk döretmeýär


Ysraýyl, palestinaylar prezident Donald Trampyň çykyşyny iňleýär. 6-njy dekabr.
Ysraýyl, palestinaylar prezident Donald Trampyň çykyşyny iňleýär. 6-njy dekabr.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty diýip ykrar etmek boýunça alan karary dünýäde giňden tankyt edilýär, ýöne käbir dünýä liderleriniň çaklamalaryna garamazdan, bu kararyň kabul edilmegi dessine zorlugyň döremegine meçew bermedi.

6-njy dekabrda kabul edilen täze karary diňe Ysraýyl hoşallyk bilen kabul edip, prezidentiň gelen bu netijesini “batyrgaý we adalatly” atlandyrdy. Birleşen Ştatlaryň ýaranlary, şol sanda Germaniýa, Saud Arabystany, Britaniýa we ÝB bu karary ýazgaryp, munuň regiondaky parahatçylyk ylalaşygyny agyr güne saljakdygyny aýtdylar.

“Bu yza öwrülişik eýýäm uly problema bolup, bu ýagdaý ody alawlandyrar we Ysraýyl bilen palestinalylaryň arasynda çaknyşyklaryň täzeden güýjemegine getirer” diýip, Germaniýanyň daşary işler ministri Sigmar Gabriel döwletiň ARD kanalynda eden çykyşynda aýtdy.

Ysraýyl bilen maslahaty uzaga çeken iki döwletli parahatçylyk ornaşygynyň çäginde palestinalylar öz paýtagtlaryny gündogar Iýerusalime geçirmegi umyt edip gelýärdiler. 6-njy dekabrda Palestinanyň ýokary derejeli resmisi Trampyň täze karary yglan etmegi bilen bu mümkinçiligiň “harap bolandygyny” aýtdy.

Köp döwletler Ysraýylyň tutuş şähere özbaşdak höküm etmegini ykrar etmeýärler. Mysal üçin, musulmanlaryň, ýewreýleriň we hristiýanlaryň ählisi üçin keramatly hasaplanýan ýerlerde Ysraýylyň özbaşdak hökmürowanlygy ykrar edilmeýär.

Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas Trampyň “aýyp gabahatyndan” soňra mundan beýläk Birleşen Ştatlaryň gepleşiklerde araçy bolup bilmejekdigini we bu kararyň “parahatçylyk ugrundaky ähli tagallalary” äsgermezlik edýändigini aýtdy.

Tramp daşary ýurtlara eden ilkinji saparyny ýakyn ýaran hökmünde Saud Arabystanyna edipdi. Bu arap şalygy Trampyň alan kararyny “jogapkärçiliksizlik” atlandyryp, munuň “parahatçylyk ylalaşyklaryndaky öňe gidişligi görnetin bökdejekdigini” aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekiz agzasy, şol sanda ABŞ-nyň ýaranlary bolan Britaniýa, Fransiýa, Müsür, Italiýa we Şwesiýa bu karary ara alyp maslahatlaşmak üçin, adatdan daşary ýygnagyň geçirilmegine çagyrdylar.

“Men ysraýyllylaryň we palestinalylaryň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň mümkinçiliklerini agyr güne saljak islendik birtaraply çärä garşy yzygiderli çykyş edip gelýärin” diýip, BMG-niň baş sekretary Antonio Guterriş aýtdy. “Häzirki howsala ýagdaýynda men bir zady açyk aýtmak isleýärin, ýagny iki döwletli çözgüdiň hiç hili alternatiwasy ýok. ‘Bu plan’ ýok” diýip, ol aýtdy.

Tramp 6-njy dekabrda eden çykyşynda bu karary “hakykatyň ykrar edilmegi” diýip häsiýetlendirdi.

“Bu gün biz, ahyrsoňy, ozalam mälim bolan zady, ýagny Iýerusalimiň Ysraýylyň paýtagtydygyny ykrar edýäris. Ysraýyl hem edil beýleki özygtyýarly döwletler ýaly, öz paýtagtyny kesgitlemäge hukugy bolan özbaşdak döwletdir” diýip, Tramp belledi.

Tramp Birleşen Ştatlaryň Ysrayýldaky ilçihanasyny Tel Awiwden Iýerusalime göçürmek boýunça taýýarlyk işlerine başlamagy Döwlet departamentine tabşyrdy. Synçylaryň aýtmagyna görä bu proses üç-dört ýyla çekip biler.

Bu kararyň yglan edilmegi Birleşen Ştatlaryň onýyllyklaryň dowamynda alyp baran syýasatynyň yza gaýtarylmagydyr. ABŞ şu wagta çenli şäheriň statusynyň palestinalylar bilen ylalaşyk esasynda kesgitlenilmelidigini aýdyp gelýärdi.

Tramp özüniň henizem ysraýyllylaryň we palestinalylaryň ikisi üçin hem oňaýly bolan parahatçylyk ylalaşygyny gazanmak üçin, elinden geleni gaýgyrmazlyga niýetlidigini aýtdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Trampyň jarnamasyny “taryhy” atlandyrdy we beýleki döwletlerden hem Birleşen Ştatlara eýerip, öz ilçihanalaryny Iýerusalime göçürmekligi sorady.

Palestinaly yslamçy topar Hamas araplary we musulmanlary regionda ABŞ-ny “hasap etmezlige” çagyrdy we Trampyň alan kararyny palestin halkyna garşy “aýylganç” agresiýa atlandyrdy.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Alžire edýän saparynyň dowamynda, Trampyň kararyny “gynandyrjy” diýip häsiýetlendirdi we öz ýurdunyň bu karary goldamaýandygyny aýtdy. Ol Iýerusalimiň ahyrky ykbaly ysraýyllylaryň we palestinleriň bilelikde gatnaşmagynda kesgitlenilmeli diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Makron we ýewropaly beýleki liderler zorlugyň döremeginden ynjalyksyzlanyp, ähli taraplary asudalyga we zorlugyň öňüni almaga çagyrdy.

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý Trampyň kararynyň regionda parahatçylygy ornaşdyrmak mümkinçilikleri nukdaýynazaryndan haýyrsyzdygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi hem bu kararyň parahatçylygyň geljegine ýetirip biljek oňaýsyz täsirleri babatda duýdurdy.

“Iki tarapyňam arzuwlary kanagatlandyrylyp, gelejekde Iýerusalimiň iki döwletiňem paýtagty bolmagyny gazanmak ugrundaky çözgüde ylalaşyk arkaly ýol açmaly” diýip, ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini aýtdy.

Eýranyň döwlet mediasy ýurduň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň kararyny “berk ýazgarýar” diýdi.

Pakistanyň daşary işler ministri Hwaja Asif özüniň Twitterde ýazan beýanatynda Birleşen Ştatlaryň alan karary “iki döwlet çözgüdini iş ýüzünde togtadyp, palestinleriň we musulman dünýäsiniň göwnüni syndyrdy” diýdi.

Müsür we Iýordaniýa Trampy halkara hukugy bozmakda aýyplady. Türkiýäniň Daşary işler ministrligi bu karary “jogapkärçiliksizlik” atlandyrdy.

Birleşen Ştatlaryň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde birnäçe ýüz adam asuda protest çäresini geçirdi diýip, Reuters habar berdi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti zorlukly reaksiýalaryň ähtimallygyny nazarda tutup, Trampyň yglan eden täzeliginiň edil öňýany, Birleşen Ştatlaryň diplomatik wekilhanalarynyň resmilerine 20-nji dekabrda çenli zerur bolmasa Ysraýyla, Iýerusalime we Günbatar Kenara sapar etmezligi tabşyrdy diýip, Reuters resmi dokumente salgylanyp habar berdi.

XS
SM
MD
LG