Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow daýhanlara berilmedik ýeri döwlet edaralaryna berýär


Lebaply daýhan
Lebaply daýhan

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oba we suw hojalygy ministri Nursähet Sapardurdyýewi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyp, döwlet edaralaryna ekin üçin ýer bermek pikirine geldi.

Prezident golaýda oba hojalygyndaky problemalar, hususan-da galla planynyň dolmazlygy sebäpli Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerini wezipesinden boşatdy.

Türkmen prezidenti hökümet mejlislerinde meýdanlarda galan pagta hasylynyň ýygnalyşyndan, ilaty gök önümler bilen üpjün etmeli ýyladyşhanalaryň ýeterlik gurulmazlygyndan hem nägileligini bildirdi.

Türkmenistanyň bazarlary soňky ýyllarda barha kän daşary ýurtlardan getirilýän önümlere garaşly bolýar. Ýerli synçylar bu ýagdaýy daýhanlara erk-ygtyýar, şol sanda ýer berilmezligi bilen baglaýarlar.

Berdimuhamedow anna güni döwlet edaralaryna oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin ýer bölüp bermegi buýurdy.

XS
SM
MD
LG