Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň sudy Saakaşwiliniň hereketlerini çäklendirmek meselesine seredýär


Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihail Saakaşwili, Kiýew, 11-nji dekabr, 2017
Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihail Saakaşwili, Kiýew, 11-nji dekabr, 2017

Ukrainanyň sudunyň 11-nji dekabrda ukrain oppozisiýasynyň lideri Mihail Saakaşwiliniň hereketlerine suddan öň çäklendirme girizip-girizmezlik barada karar çykarmagyna garaşylýar.

Gürjüstanyň öňki prezidenti Saakaşwiliniň Facebook sahypasynda çap eden maglumaty Peçera etrap suduna alnyp baryldy.

Saakaşwili 8-nji dekabrda agşam tussag edildi. Mundan öň 5-nji dekabrda polisiýanyň ony tussag astyna almak boýunça synanyşygy başa barmandy, protestçileriň uly topary polisiýanyň ulagynyň daşyny gabap, Saakaşwilini boşadypdy.

9-njy dekabrda prokurorlar Saakaşwilini öý tussaglygyna almagy we suddan öň elektronik gözegçiliginde saklamagy sorajagyny mälim etdiler.

Ukrainanyň häkimiýetleri Saakaşwiliniň 2014-nji ýylda häkimiýet başyndan agdarylandan soň Orsýete gaçyp giden öňki prezident Wiktor Ýanukowiçiň ýolbaşçylygyndaky “jenaýat toparyny” öjükdirmekde güman edilýändigini aýdýarlar. Şeýle-de ukrain häkimiýetleri Odessa regionynyň öňki gubernatory Saakaşwiliniň Orsýetiň Ukraina garşy dildüwüşiginiň çäginde protest geçirýändigini aýdýarlar. Saakaşwili bu aýyplamalary absurd diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG