Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Durmuşyň gymmatlamagy hususy dükanlara agyr zarba urýar


Aşgabat. Gylyç Kuliýew köçesinde ýykylýan dükanlar. Arhiw suraty.

Parahat mikroraýonlar toplumyndaky ýarym ýerzeminlerde dükany bolan aşgabatlylaryň köpüsi 2018-nji ýylyň ýanwaryndan dükanlaryny ýapmak, kärendesine alan ýerzeminlerini yzyna tabşyrmak kararyna geldi. Bu ýagdaý eýýäm onlarça adamyň iş ýeri bolan kommersiýa dükanlarynyň gapysyndan gulp asylmagyna alyp geldi.

Bu dükanlar türkmen häkimiýetleriniň garaşsyzlygyň başyndan bäri dürli bahanalar bilen ýapýan iş ýerleriniň saklanyp galan adajygy ýaly bir zatdy diýip, aşgabatly dükan eýeleriniň biri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ýöne häkimiýetler iki ýyl çemesi mundan öň bu dükanlara-da yrsarap başladylar. Aýdaly, ‘ýarym ýerzeminlerde azyk önümlerini uzak saklamaga mümkinçilik ýok, o ýeriň howasy azyk önümleri üçin ýaramsyz, bu ýerde dellekhana-beýleki açyň ýa azyk däl önümleri satyň’ diýdiler” – diýip, iki ýyl mundan ozal azyk dükany ýapylan telekeçi gürrüň berdi.

Ýöne ol bu talabyň arkasy güýçli dükan eýelerine ýa ýarym ýerzeminlerde dermanhana açan telekeçilere degişli bolmandygyny hem sözüne goşdy.

Emma bu gezekky dükan ýapyşlyk häkimiýetleriň gadaganlyklary esasynda däl, eýsem ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň köpelmegi bilen bagly bolup görünýär. Şol bir wagtda bu kynçylyklar hem birnäçe bölege bölünýär.

Elbetde, esasy sebäp dükan eýeleriniň indi bu işi dowam etdirmekde ykdysady many görmezligi bilen bagly. Ýarym ýerzeminleri kärendesine alan hojalyklaryň köpüsi eýýäm ýerli häkimiýetlere - häkimlige we salgyt gullugyna bu jaýlary hem-de söwda etmek üçin alan patentlerini yzyna tabşyrýandyklaryny aýtdylar.

Ýurtda harytlar juda gymmatlaýar, ozal ýylda birküç sapar gymmatlan bolsa, indi haryt bahalary bir aýda iki-üç gezek üýtgeýär” diýip, dükanyny ýapmak kararyna gelen Altyguly (ady üýtgedildi) Azatlyga aýtdy. “Söwdanyň gowurak bolýan ýeri azyk dükanlary, azyk harytlary bolsa gününi sanap gymmatlaýar we bu ýagdaý alyjylaryň barha azalmagyna sebäp bolýar” diýip, Altyguly sözüniň üstüni ýetirdi.

Dükanlaryň ýapylmagyny[ ýene bir sebäbi bolsa, noýabr aýyndan başlap jemagat hojalygy hyzmatlarynyň bahalarynyň gymmatlamagy bilen bagly.

Aýdaly, ýarym ýerzeminler ozal kärendesine alnanda, olaryň diňe ulanylýan meýdanyna pul tölemeli eken. Ýagny ol 100 kwadrat metr meýdany tutýan bolsa, şonuň söwda edilýän meýdany 50-55 kwadrat metr bolýan eken.

Emma indi ýarym ýerzeminiň bar ýeri üçin pul tölemeli we nyrhlar hem 5,5-6 esse gymmatlady diýip, telekeçiler gürrüň berdiler. Bellemeli ýeri, jemagat hyzmatlary ýa mysal üçin elektrik togy telekeçilere, dükany bolanlara, beýleki raýatlardan tapawutlylykda, 2,5-3 esse gymmat bahadan berilýär.

Dükanlaryň ýapylmagynyň ýene bir sebäbi bolsa, Altygulynyň we ýene iki telekeçiniň tassyklamagyna görä, dükançylaryň her aý diýen ýaly dürli bahanalar bilen barlaga gelýän gözegçi edaralaryň işgärlerine berilmeli parany eýgerip bilmezligi bilen bagly.

Birinjiden, barlagçylara berilýän paranyň möçberi köpeldi, üstesine olar has ýygy-ýygydan gelmäge başladylar, indi dükan ýöredip, maşgala ekläp bolmajak ýaly” diýip, Altyguly aýtdy.

Türkmenistanda indi otuz ýyl çemesi wagt bäri hususy eýeçilige, dükan açmaklyga giň ýol açylýandygy aýdylýar, munuň üçin ýer bölekleri berlen adamlar hem boldy.

Aşgabadyň merkezinde, ozalky Gyzyl haç keselhanasynyň gündogar tarapynda, Aşgabadyň gündogarynda, Änew-Mary ýolunyň ugrunda, Hitrowkada we beýleki ýerlerde adamlar kanun esasynda dükan jaýlaryny saldy we iş ýerlerini açdy. Emma bu dükanlar dürli bahanalar bilen yzygiderli ýapyldy we ýykdyryldy.

Soňra dükançylary häzirki polisiýa işgärleriniň garawullyk çekýän budkalaryna meňzeş ak, plastmassadan ýasalan dükanlary satyn almaga mejbur etdiler. Soň bu dükanlary hem dürli bahanalar bilen aýyrtmaga başladylar.

Türkmenistanda hususy dükanlaryň bu gezekki kynçylyklary barha çuňlaşýan ykdysady problemalar esasynda durmuşyň has gymmatlaýan we döwlet edaralaryndaky iş ýerleriniň barha kän kemeldilýän wagtyna gabat geldi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG