Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýyllyk metbugat-konferensiýasyny geçirýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Kremlde geçiren ýyllyk metbugat-konferensiýasynda, Moskwa, 14-nji dekabr, 2017.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 14-nji dekabrda Kremlde geçiren ýyllyk metbugat-konferensiýasynda martdaky saýlawlarda indiki prezidentlik möhletine dalaş etjekdigini yglan etdi, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň saýlaw kampaniýasynyň Moskwa bilen ilteşigi baradaky çaklamalara garşy çykdy we ABŞ-ny ýadro ýaragyna gözegçilik boýunça esasy ylalaşygy bozmakda aýyplady.

Putiniň 1600 çemesi orsýetli we daşary ýurtly žurnalistiň öňünde eden bu çykyşy onuň indiki alty ýyllyk prezidentlik möhletine geçmegine ýol açýan 2018-nji ýylyň prezidentlik saýlawlarynyň öňýanyndaky köpçüligiň öňünde edýän esasy çykyşlarynyň biri bolup durýar.

Putin 18-nji martda prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak kararynyň sebäbi barada berlen soraga jogap berip, orsýetlileriň durmuşyny gowulandyrmak isleýändigini aýtdy. Ol häkimiýetleriň ýurduň raýatlarynyň girdejilerini artdyrmak meselesine ünsi artdyrmalydygyny aýtdy we infrastruktura, bilim hem saglygy saklaýyş ugurlardan öňegidişligiň möhümdigini belledi. Putin saýlawlara garaşsyz dalaşgär hökmünde gatnaşjagyny, sebäbi häkimiýet başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň il içindäki meşhurlygynyň özünden pesdigini belledi.

XS
SM
MD
LG