Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň sudy ozalky ykdysadyýet ministrini 8 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi


Orsýetiň ozalky ykdysadyýet ministri Alekseý Ulýukaýew
Orsýetiň ozalky ykdysadyýet ministri Alekseý Ulýukaýew

Moskwanyň Zamoskworeskiý sudy Orsýetiň ozalky ykdysadyýet ministri Alekseý Ulýukaýewi Rosneftiň başlygy Igor Seçinden para almakda günäli tapyp, ony agyr şertlerde 8 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Bu barada “Radio Swobodanyň” habarçysy suduň zalyndan habar berýär.

Sud Ulýukaýewiň tussag edilmegine we 130 million rubl, ýagny takmynan 2 million dollar möçberinde jerime tölemegine höküm çykardy. Ulýukaýewiň adwokaty Larisa Kaştanowa çykarylan hökümi şikaýat etjekdigini aýtdy.

Stalin döwründen soňky tussag edilen iň ýokary wezipeli resmi bolan Ulýukaýew regional nebit kompaniýasy “Başneftiň” “Rosnefte satylmagyny ministrlikde tassyklamak üçin, döwlet eýeçiligindäki Rosneft kompaniýasynyň başlygy Igor Seçinden 2 million amerikan dollary möçberinde para almakda aýyplanýar.

Zamoskworeskiýniň etrap sudunda sudýanyň gelmegine garaşýan wagty Ulýukaýew žurnalistlere özüniň “adalata” garaşýandygyny aýdypdy.

Prokurorlar Ulýukaýewiň 10 ýyl “agyr şertlerde” türme tussaglygyna höküm edilmegini we oňa 8.5 million dollar jerime töledilmegini sorapdylar.

61 ýaşly Ulýukaýew aýyplamalary ret edip, özüniň ýagdaýyň pidasy bolandygyny aýdýar.

Ol suduň dowamynda: “Bu iş boýunça toplanan ähli materiallar meniň hiç hili jenaýata baş goşmandygymy subut edýär. Men aýylganç zalym prowakasiýanyň pidasy boldum” diýdi.

Ulýukaýew özüni Seçiniň duzaga düşürendigini öňe sürdi we ondan alan puldan doly sumkasynyň içinde 2 million dolar nagt pul däl-de, Seçiniň ugradan seýrek çakyry bardyr diýip pikir edendigini aýtdy.

Seçin Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň uzak müddetli ýarany bolup, ol täsirli şahsyýetdir.

Döwletiň 7-nji dekabrdaky gutarnykly argumentinde prokuror Pawel Filipçuk döwlet eýeçiligindäki “Başneft” regional nebit kompaniýasynyň Rosnefte satylmagyny ministrlikde tassyklamak üçin, Ulýukaýewiň para alandygy dogrusynda subutnamalaryň bardygyny aýtdy.

Filipçuk Ulýukaýewiň bu gozgalan işiň Seçin bilen Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB-niň) bilelikde gurnan duzagydygyny öňe sürýän çaklamalaryny “esassyz” diýip ret etdi.

Ulýukaýew rus elitasynyň içindäki liberal ganatyň wekili diýlip hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde, Kremliň ozalky ştab ýolbaşçysy Seçin Putiniň ýakyn ýaranlaryndan hasaplanýar.

Ulýukaýew 2016-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Seçin bilen duşuşygynyň yz ýany Rosneftiň Moskwadaky ştab kwartirasynda tussag edildi.

Ol heniz Iosif Staliniň ýoldaşy Lawrenti Berianyň 1953-nji ýylda diktatoryň ölüminden soň tussag edilip jezalandyrylmagyndan soň wezipe başyndaka tussag edilýän ilkinji ministr bolmagynyň öňýany, Putin ony ertesi güni işden kowdy.

Putin 14-nji dekabrda geçiren metbugat konferensiýasynda sud diňlenişigi barada çykyş edip, Seçiniň dört gezek şaýat hökmünde suda çagyrylandygyna garamazdan, onuň suduň çakylygyndan boýun towlandygyny agzady.

Putin Seçiniň şaýatlyk etmezlik kararynyň bikanun däldigini aýtmak bilen bir hatarda onuň gelen bu netijesinden özüniň hoşal däldigini ýaňzydyp, Rosneftiň başlygy “suda baraýmaly ekeni” diýdi.

XS
SM
MD
LG