Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ten we adam söwdasynda güman edilýän türkmen zenany ýaranlary bilen sud edildi


Türkiýe
Türkiýe

Türkiýäniň howpsuzluk güýçleriniň ýurduň dürli ýerlerinde ten we adam söwdasy bilen meşgullanýanlara garşy geçirýän operasiýalarynda türkmenistanly raýatlaryň öz ýaranlary bilen ele salynmagy dowam edýändigi barasynda ýerli mediada, yzygiderli maglumatlar peýda bolýar. Habarlarda türkmen migrant zenanlarynyň şol bir ýerde gaýtadan ýaranlary bilen ten söwdasynda saklanýandygy hem ýatladylýar.

"Hürriýet" gazetiniň ýazmagyna görä, Stambulyň golaýyndaky Tekirdag welaýatynyň Marmara Ereglisi etrabynda ten hem adam söwdasyna garşy gurnalan bir operasiýada ele salnan 5 adama, olardan ikisi zenan, geçirilen sud işinde olaryň tussaglykda galmagyna karar berlipdir. Gazet zenanlardan biriniň Türkmenistanyň raýatydygyny bildirýär.

Türk mediasynda aýdylşyna görä, Tekirdagyň welaýat polis topary bilen Marmara Ereglisi etrabynyň howpsuzlyk işgärleri 2 öýde ten söwdasynyň gurnalýandygy barasynda maglumat alandan soň herekete geçýär. Şol öýleri birsalym gözegçilik astynda tutan polisler kazyýetiň görkezmesi boýunça şol bir wagtyň özünde operasiýa gurnaýarlar. Operasiýada ten söwdasynda güman edilýän 2 zenan bilen 3 erkek kişi saklanýar. Habarlarda aýallardan biriniň Türkmenistanyň raýatydygyna aýratyn üns çekilýär.

Ýeri gelende aýtsak, türk mediasynyň habarlarynda mundan owal hem şol aýdylýan ýerde, ýagny Tekirdag welaýatynyň Marmara Ereglisi etrabynda ten söwdasynda güman edilýän we ýokanç keselli türkmenistanly migrant zenanlaryň ele salnandygy beýan edilipdi.

Şonda Marmara Ereglisi etrabynyň žandarm gullugynyň işgärleriniň 16-njy awgust gijesi gurnan operasiýasynda, Ýenijiftlik we Sultanköý atly mähellelerde ýerleşýän gijeki klublarda we myhmanhanalarda ten söwdasyny edýän, şeýle-de bikanun ýagdaýda işledilýän jemi 28 sany daşary ýurtly zenany saklandygyny ýazypdy. Hassahana äkidilip saglyk barlagyndan geçirilen daşary ýurtly zenanlardan U.H. atly türkmenistanly zenanyň SPID keseline sebäp bolýan "HIV" wirusynyň, şeýle-de türkmenistanly T.P. atly zenan bilen özbegistanly D.J. atly zenanda sifilis keseliniň bardygynyň anyklanandygyny, soň olaryň deportasiýa edilmegi üçin, Tekirdagyň welaýat migrasiýa gullygyna tabşyrylandygyny beýan edipdi.

Beýleki tarapdan, Antaliýa polisi Arapsuýu mähellesinde ýerleşýän bir myhmanhana gurnan operasiýasynda, ten söwdasy bilen meşgullanýan 25 ýaşyndaky Sona S, 28 ýaşyndaky A.S. we 30 ýaşyndaky M.H. atly türkmenistanly zenanlar bilen olara araçylyk edýän türk raýatlaryny tussag edipdi. Türkiýäniň köpçülikleýin habar serişdeleri şonda, türkmenistanly zenanlardan Sona S. atly aýalyň öz ýurdunda polisde işleýändigini we ýyllyk rugsada çykandan soň, pula mätäçlik çekip, bir tanşynyň üsti bilen Antaliýa ten söwdasyny etmäge gelendigini mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG