Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Amuldan Hazara çenli welosipedli ýaryş geçiriler


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tigirli ýörişe gatnaşýar. 3-nji awgust, 2013.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Amuldan Hazara çenli” atly awtomobil ýaryşynyň gapdalyndan welosipedli we ylgaw ýaryşlaryny geçirmegi teklip etdi.

Döwlet baştutany mundan öň Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine “Amuldan Hazara çenli”awtomobil ýaryşyny guramagy tabşyrypdy.

TDH döwlet habar gullugy prezident Berdimuhamedowyň 15-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde bu ugur boýunça welosiped ýaryşyny, onuň welaýatlaryň çäginden geçýän böleklerinde bolsa sport ylgaw ýaryşlaryny guramagy teklip edendigini habar berýär.

Döwlet baştutanynyň ynanjyna görä, bu hili “çäreler jemgyýetde işjeň durmuş ýörelgesini berkarar etmäge, ülkäni öwrenmäge, ýurduň taryhyny bilmäge ýardam eder”.

XS
SM
MD
LG