Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ikinji gurultaýy geçirildi.
Resmi maglumatlara görä, Aşgabatda geçirilen gurultaýda partiýanyň merkezi geňeşiniň ýolbaşçylarynyň, barlag komissiýasynyň amala aşyran işine, guramaçylyk işlerine seredilipdir.
Şeýle-de, türkmen mediasynyň habar bermegine görä, partiýanyň merkezi geňeşiniň täze başlygy saýlanyp, bu wezipä “Halys” atly hojalyk guramasynyň müdiri Saparmyrat Owganow bellenipdir.
Türkmenistanda Senagatçylaryň we telekeçileriň syýasy partiýasy 2012-nji ýylda döredildi. Ony esaslandyran Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi 2007-nji ýylda döredildi. Bileleşigiň “Rysgal” atly hem banky, hem-de neşri bar.
Türkmenistanda hususy telekeçiligi ödürmek maksadyny öz öňünde goýýan Senagatçylar we telekeçiler bileleşigine döwlet tarapyndan maliýe goldawy berilýär.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?