Sepleriň elýeterliligi

Köçe süpürijiler gijelerine işlemäge mejbur edilýär; arakesme üçin şertler 'döredilmeýär'


Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaralarynyň biriniň köçeleriň arassaçylygyna gözegçilik edýän işgäri

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaralaryň işgärleri, has takygy köçe süpürijiler özleriniň gijelerine işlemäge mejbur edilýändigini, üstesine-de, özlerine iş arakesmesinde dynç almaklary üçin, hiç hili şertiň döredilmeýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmesi bilen söhbetdeş bolan köçe süpüriji zenanlardan 10-a golaýy özleriniň indi 15-nji noýabrdan bäri gije sagat 22:00-dan, daňdan sagat 07:00-a çenli paýtagtyň protokol köçelerini süpürip, olaryň arassaçylygyna gözegçilik edýändigini gürrüň berdi.

“Gije howanyň sowuklygy -5 gradusa çenli ýetýän şu günlerde dokuz sagatdan gowrak wagt aýak üstünde işlemeli bolýarys. Gije işläp bilýäňmi ýa-da bilmeýäňmi – muňa-da seredilmeýär. Üstesine, arakesmede ýarym sagat dynç almaly, onda-da ýylanar ýaly şert ýok. Kiçiräjik budkalar ýa-da jaýjagazlar hem göz öňünde tutulmadyk. Tutuş gijäni köçede, sowukda geçirmeli bolýarys. Özem köçe süpürijileriň tas ählisi zenan maşgala bolup, gije işe çykýanlaryň sany 40-dan hem aşýar” diýip, özüni Maral diýip tanyşdyran köçe süpüriji zenan Azatlygyň paýtagtdaky çeşmesine aýtdy.

Onuň sözüne görä, köçe süpürijiler gijeki iş tertibinde işläp başlanlarynda, öz iş arakesmelerinde paýtagtyň protokol köçelerindäki “döwrebap” diýlip atlandyrylýan awtobus duralgalarynda ýolagçylaryň jemgyýetçilik transportyna garaşmagy üçin niýetlenen otaglarda ýylanyp, şol ýerde çaý-çöregini iýipdirler.

Emma aradan birnäçe gün geçensoň, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaralaryň ýolbaşçylary olara bu ýerde oturmagyň gadagandygyny, eger şeýle ýagdaý gaýtalansa, onda işgäriň işden kowuljakdygyny duýdurypdyrlar.

“Bize bu otaglarda wideokameralaryň bardygyny aýdyp, indi bu ýere giren işgärleriň işden çykaryljakdygyny duýdurdylar. Iş arakesmesinde ýylanyp bolaýjak ýekeje ýer bardy. Bizi ondanam mahrum etdiler. Ýogsam bolmasa, awtobus duralgalaryndaky otaglar ähli raýatlar üçin niýetlenen dälmi? Biz bu ýerde oturyp, ýylanyp bilmesek, onda nirede ýylanmaly? Nirede çaý-çörek edinmeli?” diýip, paýtagtyň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň arassaçylygyna gözegçilik edýän ýene bir köçe süpüriji zenan Aýlar aýtdy.

Galyberse-de, aşgabatly köçe süpürijileriň we synçylaryň ençemesi Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, gijelerine ýa-da ýurtda kabul edilen resmi baýramçylyk günlerinde işe çykarylýan işgärlere artykmaç zähmet töleginiň berilmelidigini, emma şol kadalaryň berjaý edilmeýändigini aýdýarlar.

“Biziň zähmet hakymyza gije işleýänimiz üçin aýratyn goşundy hem goşulanok. Iş wagtyny hasaba alýan resminamada bolsa, göýä biz irden sagat 08:00-dan giçlik sagat 17:00-a ýa-da 18:00-a çenli işleýän ýaly edip görkezilýär” diýip, Aýlar gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen meselerler dogrusynda, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi bilen habarlaşanda, bu maglumatlary ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.

Şol bir wagtyň özünde, protokol köçeleriň arassaçylygyna gözegçiligiň güýçlendirilmegi, ýagny köçe süpürijileriň gijelerine işe çykarylmagy we muňa näderejede zerurlygyň bardygy barada hem haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Belläp geçsek, paýtagtyň protokol köçelerini süpürýän ýa-da tämizleýän işgärleriň aglabasy aýal-gyzlar bolup, olar mundan öňem köplenç düzgünleşdirilmedik iş tertibinde, ýöne gündizlerine işleýärdiler.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan köçe süpürijileriň ençemesi özleriniň zähmet haklarynyň 800-900 manat aralygyndadygyny, munuň durmuş şertleriniň barha gymmatlaýan döwründe maşgala eklenjine ýetmeýändigini aýdýarlar. Bu zähmet haky resmi kurs bilen ortaça 250 amerikan dollaryna, “gara bazaryň” nyrhy bilen ortaça 90 amerikan dollaryna barabardyr.

XS
SM
MD
LG