Sepleriň elýeterliligi

Täze ýyl keýpimize “sogan dogradylar”


Hökümet resmileri Täze ýylyň öňüsyrasynda ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada dymyp, gaýta guralýan dabaralaryň ýokary derejede geçirilmegiň zerurdygyny belleýärler.

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň welaýatlarynyň we paýtagtyň häkimleri bilen geçiren nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda, beýleki meseleler bilen bir hatarda, Täze ýyl dabaralary dogrusynda hem durulyp geçildi.

Duşenbe güni geçirilen maslahatda degişli ýolbaşçylar – döwlet mediasynda takyk maglumat berilmese-de – baýramçylyga görülýän taýýarlyklar barada hasabat berenlerinde, Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Prezidentiň bu görkezmesi Aşgabadyň mekdeplerinde döwlet derejesinde gurnaljak arçalara mejbury ýagdaýda eltilmeli okuwçylaryň sanawynyň düzülip başlanan pursadyna gabat geldi.

Häzirki döwür paýtagtyň mekdeplerinde Täze ýyl agşamy we gyşky dynç alyş döwründe arçalara eltilmeli kiçi klas okuwçylar we olara ýolbaşçy bolup gitmeli mugallymlar saýlanyp başlandy.

“Ýyldan-ýyla mejbury çäreler bilen baýramçylyk şähdimize sogan dograýarlar. Maşgalamyz bilen baýram etmegiň deregine, sowuk howada çäreden çärä gatnamaly bolýarys. Onsuzam aýlyklaryň gijikdirilmegi, bazarlarda harytlaryň telim esse gymmatlamagy ýa hut ýitirim bolmagy barja Täze ýyl keýpimizi pozdy” diýip, Aşgabadyň mekdepleriniň biriniň mugallymy, 30 ýaşlaryndaky Maýsa (ady üýtgedilen – red.) aýdýar.

Maýsanyň hem belleýşi ýaly, Täze ýylyň öňýany ýurduň bazarlarynda azyk we senagat harytlarynyň ählisiniň diýen ýaly bahasy gymmatlap; un, şeker we ösümlik ýagy ýaly gündelik ulanylýan harytlar hem söwda tekjelerinden ýitirim boldy.

Bu gytçylygyň fonunda, geçen hepdäniň ahyrynda "azyk bolçulygyny" üpjün etmek barada, döwlet derejesinde gürrüň edilip başlandy. Resmi media Berdimuhamedowyň ýurtda öndürilýän önümleriň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberlerini artdyrmagyň möhümdigini belläp, anyk görkezmeler berendigini aýtdy.

Munuň yz ýany bazarlardan ýitirim bolan käbir önümler täzeden, has amatly nyrhda satuwa çykaryldy. Emma iş ýüzünde olar görkezilen resmi nyrhdan has gymmada satylýar we harytlar her bir alyja çäkli derejede berilýär. Mysal üçin, paýtagtyň söwda nokatlarynda gazlandyrylan alkogolsyz içgiler her bir alyja iki gapdan artyk berilmeýär, ýa bolmasa, etiň bir kilogramynyň bahasy resmi derejede 18 manat diýlip görkezilen bolsa-da, ol hakykatda 22 manatdan satylýar.

Şeýle ýagdaýy ýurduň Daşoguz welaýatynda hem synlasa bolýar. Demirgazyk welaýatyň “Baý bazarynda” etiň bir kilogramy 18 manat diýlip kesgitlenen bolsa-da, ol alyjylara 32 manatdan satylýar. Daşoguzlylar galan harytlaryň hem bahalarynyň elýeterden has gymmatdygyny aýdyp zeýrenýärler.

“Hili pes, ýurduň özünde öndürilen karamel kemputlaryň bir kilogramy 19 manat. Şokoladyň iň arzany 30 manat. Günebakar ýagy 20 manat. Un, umuman, ýok. Täze ýyl şatlygyna derek, iýjek çöregimiz alada öwrüldi” diýip, daşoguzly Italmaz Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň birine gürrüň berdi.

Galyberse-de, döwlet eýeçiligindäki media ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada kelam agyz söz aýtman, Aýazbaba bilen Garpamygyň uly şowhun bilen garşy alyş dabaralaryny görkezýär. Hökümet resmileri hem Täze ýylyň öňüsyrasynda ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada dymyp, gaýta guralýan dabaralaryň ýokary derejede geçirilmegiň zerurdygyny belleýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG