Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda mallar näbelli wirusdan haram ölýär


Arhiwden alnan surat
Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň ençeme etraplarynda soňky birnäçe aýyň dowamynda, näbelli bir infeksiýa ýolugan onlarça hojalyk mallarynyň ölendigi dogrusynda maglumatlar gelip gowuşýar.

Demirgazyk welaýatyň Ruhybelent we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň daýhan birleşiklerinde gara mallaryň eýýäm onlarçasynyň harap bolandygyny, sebitiň ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmelerine gürrüň berdiler.

“Infeksiýa düşen mallar bir hepdä ýetmän, haram ölýärler. Ilki olaryň derisiniň içinden şänik ýaly çişler döreýär. Janawerler ot-iým iýmän, ýerinden galyp bilmän jan berýärler” diýip, iki sygry bu näbelli infeksiýa ýogalyp ölen, özüni Rustam diýip tanyşdyran daşoguzly aýtdy.

Rustam özi ýaly başga-da mal eýeleri bilen ýerli weterinar lukmanlaryna ýüz tutandykaryny, emma olaryň hem gürrüňi gidýän infeksiýany anyklap bilmändiklerini aýtdy: “[Lukmanlar] ne wirusy anyklap bilýärler, ne-de bir çäre görýärler... Olar beýleki kesellere garşy hem waksinalarynyň ýokdugyny aýdyp, ellerini gowşurýarlar”.

Rustam mallaryň näbelli infeksiýa sebäpli haram ölýändigi baradaky meseläni häkimliklerde gozgandyklaryny, emma ýerli resmilerden hem hiç hili netije alyp bilmändiklerini aýtdy.

“Biz näme etjegimizi bilemzok. Mallarymyz gyrylyp gutaryp barýar. Infeksiýa ýolugan mallaryň etini, süýdüni hem satmak howply; onuň adamlara geçmegi mümkin. Biz ýolbaşçylara bu baradaky aladalarymy aýdanymyzda, olar ‘biziň elimizden gelýän zat ýok, nähili wirusdygyny anyklap bilsek, hökman kömek ederis’ diýip, başdan sowýarlar” diýip, Rustam öz nägileligini bildirdi.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosynyň Daşogzuň häkimliginden we saglygy goraýyş edaralaryndan bu ýagdaýlar dogrusynda nähilidir bir kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Ýatlatsak, geçen ýylyň aýagynda-da Daşogzuň, Lebabyň we Ahalyň käbir etraplarynda tutaşan sibir başy wirusy sebäpli onlarça hojalyk mallarynyň, şol sanda towuklaryň hem haram ölendigi barada maglumatlar peýda bolupdy. Şonda towuklaryň köpçülikleýin ýagdaýda gyrylmagy diňe bir hususy hojalyklarda däl, eýse uly towuk toplumlarynda hem bolup geçendigine üns çekilipdi.

Şol bir wagtda, türkmen ýolbaşçylary we mediasy ýokarky ýagdaýlar dogrusynda häzirlikçe dymyp gelýärler. Munuň deregine ýurtda maldarçylygyň ‘pajarlap’ we ‘bedew bady’ bilen ösýändigi dogrusynda çykyşdyry, tele-reportažlary synlasa bolýar.

XS
SM
MD
LG