Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow S.Nyýzowyň muzeýini açdy, emma 'beýik' diýmedi


S.Nyýazowyň heýkeli. 2014 ý.
S.Nyýazowyň heýkeli. 2014 ý.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji dekabrda Saparmyrat Nyýazow muzeýiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy we bu gezek ilkinji prezidentiň hatyrasynyň öňki ýyllara garanda has uludan tutulmagy bir topar sorag döretdi.

TDH döwlet habar gullugy S.Nyýazowyň ýatlama çärelerine Mejlisiň ýolbaşçylarynyň, hökümet emeldarlarynyň, metbugat we jemgyýetçilik wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, studentleriň we köp sanly aşgabatlynyň ýygnanandygyny habar berýär.

S.Nyýazow muzeýiniň açylyşy ýurduň iň bir ykdysady kynçylykly ýylynyň soňky günlerine we Aşgabatda Wepaly alabaýa dikilen heýkeliň açylyş dabarasynyň yz ýanyna gabat geldi. Mälim bolşy ýaly, türkmen köpegine dikilen heýkeliň açylyşyna hem prezident we hökümet emeldarlary, jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdy.

Döwlet baştutany ýatlama çäresine gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurtda her ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.A.Nyýazowyň ýatlama gününiň bellenýändigini, şu mynasybetli sadaka berlip, aýat-töwir okalýandygyny aýtdy. Emma ýerli ýaşaýjylar S.Nyýazowyň ýatlama gününiň bu gezekki bellenişiniň geçen ýyllardakydan has tapawutly bolandygyny aýdýarlar.

Bellemeli ýeri, TDH-nyň 21-nji dekabrdaky habarynda S.Nyýazowa ýurt dolandyran ýyllarynda berlen resmi dereje – “Türkmenbaşy” lakamy ýekeje gezek agzalypdyr, onuň adyna tirkelen “beýik” sypatlandyrmasy bolsa asla agzalmandyr.

Şeýle-de türkmen metbugatynda indi, diri wagtyndakydan tapawutlylykda, ýurt garaşsyzlygy S.Nyýazowyň alyp beren zady hökmünde görkezilmeýär, Nyýazow wagtynda ulanylan “altyn asyr” döwri hem indi “berkararlyk we bagtyýarlyk” eýýamy bilen çalşyryldy.

Ýerli synçylar Berdimuhamedowyň indi on ýyl gowarak wagt bäri Nyýazowyň şahsyýet kultuny kem-kemden ýok edýändigini we boşan ýerlere öz şahsyýet kultuny ornaşdyrýandygyny aýdýarlar. Aýdaly, geçen ýylyň 21-nji dekabrynda S.Nyýazowyň “10 ýyl Abadançylyk” meýdançasyndaky ýadygärligine gül goýanlaryň sany, ösdürip aýdanyňda ýigrimi töweregi boldy.

Ekspertler Türkmenistanyň häzir soňky 25 ýyldaky iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini aýdýarlar we bu ýagdaý oktýabr aýynda S.Nyýazowyň döwründe girizilen ýeňillikleriň hem ýatyrylmagyna alyp geldi. Ýogsa S.Nyýazow bu ýeňillikleriň 2030-njy ýyla çenli saklanylmagyny nazarda tutupdy.

Ýöne Nyýazowyň başga bir aýdan sözi – ölenimden soň meniň adym bilen bagly zatlaryň barysy aýrylar diýen öňdengörüjiligi dogry çykýana meňzeýär. Muňa golaýda Lebap welaýatynda bolan at çalyşmalary ýa arassalaýyşlary hem güwä geçýär. Ýa-da bolmasa adamlar Daşoguzda, beýleki welaýatlarda hem Nyýazow we onuň maşgala agzalary bilen bagly atlaryň aýrylmagyna garaşýarlar diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.

Eýsem Berdimuhamedowyň şunça ýyldan soň S.Nyýazowyň adyny gaýtadan dabaralandyrmaga dolanmagynyň sebäbi näme?

Azatlyk radiosy bilen anonim şertlerde gürleşen ýerli synçylaryň biri bu soraga: “Ýurt ykdysady krizise batyp barýar, Berdimuhamedow aljyraýar we Nyýazowyň şöhratyndan haraý gözleýär” diýip jogap berdi.

Ikinji synçynyň pikirine görä, “Ýeňillikler ýatyrylyp, durmuş has gymmatlandan soň, Nyýazowy gowulykda ýatlaýanlar köpeldi we şu sebäpden Berdimuhamedow özüni ýene öňki ýoly dowam etdiriji hökmünde görkezmäge çalyşýar”.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew il içinde S.Nyýazowy gowulykda ýatlaýan adamlaryň umuman bardygyny we olaryň arasynda ozalky neşebentleriň, neşe söwdagärleriniň aýratyn tapawutlanýandygyny gürrüň berýär.

“Nyýazowyň ‘türkmen öňem öz öýünde 5 gram, bir mysgal tirýek saklapdyr, ony derman üçin ulanypdyr, bäş gram tirýeklä degmäň’ diýen sözleri ýurtda neşebentleriň erkinlige çykýanlygynyň jarnamasy bolup ýaňlandy, o ýyllarda neşe söwdasyna tutulyp, bir ýylda dört gezek amnistiýa düşýänler hem bardy” diýip, A.Bugaýew Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

S.Nyýazow Türkmenistana 1985-nji ýyldan 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda ýogalýança çenli ýolbaşçylyk etdi.

XS
SM
MD
LG