Sepleriň elýeterliligi

Paýtagtda ýollar ýapyldy


Polisiýa işgäri ulaglary goýbermeýar. Arhiwden alnan surat.

Düýn 21-nji dekabrda Aşgabatly ýaşaýjylaryň aglabasy öz iş orunlaryna günortana golaý, sagat 11 töweregi gelmeli boldular.

Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrundaky ‘Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy’ atly seýigähde goýlan Türkmenistanyň ilkinji prezidentiniň ýadygärligine resmiler tarapyndan gül goýmak dabarasy sebäpli ýollaryň ýapylmagy bilen ilatyň barmaly verine wagtynda baryp bilmändikleri aýdylýar.

Aşgabatly ýaşaýjy Sähediň sözüne görä, ir sagat 8-30 töweregi öz awtoulagynda ýaşaýan ýeri 11-nji kiçi etrapçadan, Köşi massiwindäky edara jaýyna, iş ýerine ugraýar. Emma 21-nji dekabrda sagat 8-de ýollaryň ýapylmagy bilen ol sagat 11 töweregi öz işleýän edarasyna baryp bilipdir.

“Men Nurmuhammet Andalyp köçesi bilen Türkmenbaşy şaýolunyň çatrygyna gelenimde, eýýäm maşyn dyknyşyklaryndan ýollarda awtoulag hereketi durdy diýen ýalydy. Sürüjiler yza-da, öňe-de hereket edip bilmän, ýollaryň nirede açykdygyny biri-birinden soraşyp, mobil telefonlary arkaly habarlaşýardylar. Berilýän habarlara görä, şäheriň Türkmenbaşy, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Atamyrat Nyýazow, Gurbansoltan eje şaýollarynyň, Magtymguly we oňa birigýän köçeleriň ählisiniň ýapykdygyny bilen awtoulag sürüjiler köçäniň çem gelen ýerinde öz awtoulaglarynda oturyp, garaşmakdan başga alaç tamadylar” diýip, Sähet aýdýar.

21-nji dekabrda Türkmenistanyň ilkinji prezidentiniň aradan çykan güni mynasybetli onuň ‘Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy’ seýilgähindäki ýadygärligine, Gypjakdaky aramgähine her ýylda resmileriň baryp, gül desselerini goýmak we aýat-töwür etmek däbi her ýyl dowam edip gelýär. Ýöne bu gezekki S. Nyýazowy ýatlamak çäresi aşgabatly ýaşaýjylar üçin uly bökdençlik döretdi.

Hususy awtoulagly adamlaram, jemgyýetçilik ulaglaryndaky ýolagçylaram barmaly ýerine wagtynda ýetip bilmän kösenseler. Mekdebe gatnaýan okuwçylar, çagalar bagyna barmaly çagalar ýol aşyp bilmän kösenýärler. Zerurlyk bolup çagyrylýan Tiz kömek maşynlarynyň hem wagtynda hassalaryň halyndan habar almaga ýetişip bilmeýändiklerini ýaşaýjylardan eşitmek bolýar.

Ilaty iň bir haýran galdyrýan mesele, bir çäre üçin şäheriň ýarpysyndan hem köp böleginde ýollaryň ýapylmagynyň birnäçe sagada çekmegi bolup durýar.

20-nji dekabrda hem olimpiýa şäherçesiniň çäginde gurlan Wepaly diýen itiň heýkeliniň açylyş dabarasy mynasybetli geçirlen çärede-de ýollaryň köp bölegi ýapylypdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG