ABŞ BMG-niň 2018-2019-njy ýyllara degişli býujetini 285 million dollar möçberinde azaltmak kararyny makullap, “dogry tarapa uly ädim diýip atlandyrdy”.
Baş Assambleýanyň 24-nji dekabrda makullan iki ýyllyk býujeti 5.396 milliard dollar möçberinde kesgitlendi we ozalkysyndan 285 million dollar kem boldy.
ABŞ BMG-niň býujetine iň uly goşant goşýan ýurt bolmagyna galýar we 22% çemesi töleg edýär.
“Serişdeleriň bu uludan tygşytlanmagyna goşmaçalykda biz BMG-niň dolandyryjylygyna we goldaw funksiýalaryna edilýän çykdajylary azaltdyk we ABŞ-nyň dünýädäki prioritetlerine ýardamy artdyrdyk, BMG-niň sistemasynda tertip-düzgüni we hasap berijiligi ornaşdyrdyk” diýip, ABŞ-nyň ilçisi Nikki Haleý aýtdy.
Nikki Haleý bu halkara guramasynyň “netijesizliginiň we puly çakdan aşa harçlamagynyň” dünýä “bellidigini” belledi.
Geçen hepdede ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmek baradaky öz kararyny ret etmek barada BMG-niň rezolýusiýasyny makullan ýurtlaryň maliýe üpjünçiligini bes etmek bilen haýbat atdy. Rezolýusiýa 128-9 ses bilen makullandy.