Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň prezidenti Jeenbekow Gazagystana resmi saparyna başlady


Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow (s) we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (ç)

Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow goňşy Gazagystana resmi saparyna başlady. Bu sapar iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşan döwrüne gabat geldi.

25-nji dekabrda Astana baran Jeenbekowyň Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew we premýer-ministr Bakytžan Sagintaýew bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

Iki ýurduň aragatnaşyklary Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýewiň ýurduň 15-nji oktýabrda geçiren prezidentlik saýlawlaryna goşulmakda Gazagystany aýyplamagynyň we Nazarbaýewiň uzak wagtlap ýurt başynda galmagyny tankyt etmeginiň yzýany ýaramazlaşypdy.

Gazagystan tarapyndan ret edilen bu aýyplamalar Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň 19-njy sentýabrda gyrgyz oppozisiýasynyň lideri Babanow bilen duşuşyk geçirmeginiň yzýany edilipdi.

10-njy oktýabrda Gazagystan Gyrgyzystan bilen özara serhedinde gözegçilik işlerini güýçlendiripdi, bu bolsa syýahatçylaryň we ulaglaryň geçişini haýalladyp, uzak nobatlary döredipdi.

Bişkek Astanadan 100 million dollar möçberinde kömek puluny almak baradaky ylalaşygy ýatyrypdy.

Atambaýew dekabryň başynda resmi derejede wezipesinden çekildi.

Jeenbekow we Nazarbaýew 30-njy noýabrda Moskwada geçiren duşuşygynda iki ýurduň özara serhedinde iki aý bäri dowam edýän dyknyşyk bilen bagly meseläni çözmek boýunça plany işläp düzmek hakynda ylalaşypdylar. 4-nji dekabrda gazak-gyrgyz serhedinde ulag gatnawyny haýal etmezden çaltlanypdy.

XS
SM
MD
LG