Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda çaga dogrup zyňan zenan gözlenýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap polisiýa bölüminiň işgärleriniň 23-25 ýaş aralygyndaky sary saçly hortaň zenany gözleýärler.

Etrabyň çäginde ýerleşýän 5-nji 6-njy kiçi etrapçalarda ýaşaýan şeýle ýaşdaky ýaş zenanlar Berkararalyk etrap polisiýa bölümine çagyrlyp, olar dürli barlaglardan geçirlip, dürli soraglara çekilýändigini Lebap welaýatyndan gelip, Aşgabatda kireýne jaýda ýaşaýan zenan gürrüň berýär.

Bu zenanyň aýtmagyna görä, polisiýa işgärleri iki sany täze dogurlan we zir-zibil oklanýan ýaşige zyňlan çagalaryň jesedini tapypdyrlar.

Polisiýa işgärlerniň aýtmagyna görä, zir-zibil ýaşiginiň golaýynda wideokamera bar ekeni we şu ýylyň dekabr aýynyň başynda, täze doglan çagalary polietilen pakede salyp, zir-zibile oklan zenanyň şekili wideokamera düşüpdir. Ol saçy sarymtyl reňkli, 23-25 ýaşlaryndaky hortaň zenan bolmaly.

Polisiýa işgärleri etrapçanyň çäginde ýaşaýan şu kysmy zenanlaryň ählisini bölümine çagyryp, soraga çekýärler diýip gürrüň edýär.

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň çäginde şeýle wakalaryň ozal hem birnäçe gezek ýüz berendigini ýaşaýjylar ýatlaýarlar.

Mundan 6-7 aý ozal Parahat-7 etrapçasynyň golaýyndan geçýän fontanly kanalyň kenarynda hem ýaňyja doglan çagany polietilen pakede salyp, kanalyň kenarynda galdyrypdyrlar. Paketde galan çaga howa ýetmezçiliginden ýogalypdyr.

Şeýle ýaramaz hadysalaryň, jenaýatlaryň üstüni açmaga bolsa Berkararlyk etrap polisiýa bölüminiň jenaýaty agtaryş bölüminde işleýän işgärler ukypsyz bolup galýarlar diýip ýaşaýjylar aýdýarlar.

Döwlet derejesinde adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy barada alada edilmän, şeýle ýaramaz ýagdaýlar ýüz beren halatynda, polisiýa işgärleri köp gatly jaýlaryň üçeklerinden, ýerzeminlerinden günäkäri gözleýärler. Maşgala lukmanlary bilen öýlere aýlanyp, hasapda durýan göwreli zenanlaryň doguryp-dogurmanlygyny anyklamaga çalyşýarlar. Emma giç bolýar. Şeýle jenaýatyň heniz üstüniň açylandygyny eşiden adam ýok diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG