Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MHM-niň generaly Rahman Allakow aradan çykdy


Arçabil şaýolynyň gyrasyndaky binalar
Arçabil şaýolynyň gyrasyndaky binalar

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Milli howpsuzlyk ministrliiginiň Moskwadaky ozalky rezidenti, soňra general we MHM-niň başlygynyň birinji orunbasary bolan Rahman Allakowyň ýogalandygyny habar berýär.

Azatlyk radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bilen anonim şertde gürleşen ozalky howpsuzlyk ofiseri Rahman Allakowyň ýogalandygyny tassyk etdi.

Öňki kärdeşiniň sözüne görä, Allakow ozalky SSSR-iň düzümindäki Simferefol şäherinde geljekki milli howpsuzlyk ofiserlerini taýýarlaýan ýörite mekdepde daşary ýurt razwedkasy we kontrrazwedkasy ugrundan ýokary bilim alypdyr we şondan soň az wagt, entek sowet goşunlary bu ýerde bar wagtynda Owganystanda gulluk edipdir.

Rahman Allakow Owganystandan dolanyp geleninden soň onuň esasy işi kontrrazwedka ulgamyna, operatiw işlere ýolbaşçylyk etmek boldy diýip, ozalky howpsuzlyk işgäri Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýazmagyna görä, Allakow 1990-njy ýyllarda we 2000-nji ýyllaryň başynda Türkmenistanyň içindäki we daşyndaky türkmen oppozisiýasyna garşy alnyp barlan göreşiň esasy utgaşdyryjysy diýlip hasaplanylýar.

90-njy ýyllaryň başynda Moskwada ýerleşýän oppozisiýa agzalaryny tutmak we Türkmenistana alyp gitmek ugrunda bir topar çäre görlüpdi we bu çärelere şol ýyllarda MHM-niň sülçüsi bolup işlän Begmyrat Otuzow aktiw gatnaşypdy. Emma Otuzow soň prezident Nyýazow tarapyndan hökümet agzalarynyňgybatyny etmekde aýyplandy we türmä basyldy.

Şol bir wagtda, Milli howpsuzlyk ministrliginiň oppozisiýa wekillerine garşy alyp baran işleri netijesinde ozalky daşary işler ministri Abdy Kulyýewiň ýolbaşçylygyndaky “Türkmenistan” fondunyň agzalarynyň ikisi – Hoşaly Garaýaew we Muhammetguly Aýmyradow Daşkentde tussag edildi.

Olar prezident Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi; Garaýew türmede ýogaldy, Aýmyradow türmede saglygyny ýitirip, azatlyga çykyp ýogaldy.

Häzir ýewropa ýurtlarynyň birinde ýaşaýan ozalky howpsuzlyk ofiseri Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşip, şol ýyllarda ýaňy döreýän oppozision hereketi bölmek, haýallatmak üçin dürli çäreleriň görendigini tassyk etdi.

“Prezident Nyýazow tankydy pikirleriň aýdylmagyna, açykoppozisiýa düýpden taýýarlyksyz bolup çykdy we bu hereketiň has güýçlenmeginden örän uly alada edýärdi” diýip, ozalky ofiser aýtdy. Ýöne ol Rahman Allakowyň daşyndan ýuwaştap görnendigini, adamlar bilen sypaýyçylykly gürleşendigini hem sözüne goşdy.

“Men oňa erbet oglandy diýip biljek däl, emma ol edara işe girseň, buýrulan ähli işi etmeli bolýarsyň, men onuň anyk nähili işler bilen meşgullanandygyny bilemok” diýip, SSSR-iň döwlet howpsuzlyk komitetinden dynç alşa çykan ozalky ofiser Azatlyk radiosyna aýtdy.

Türkmenistanyň milli howpsuzlyk işgärleriniň alyp baran işleri Moskwada galan türkmen oppozisionerleriniň kem-kemden Ýewropa ýurtlaryna çekilmegine alyp geldi. Emma Abdy Kulyýew 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda Ýewropadan Moskwa, yzyna dolanyp geldi. Ýöne bu ýerde uzak işläp bilmedi we näbelli adamlaryň hüjümine sezewar bolanyndan soň, Norwegiýadan syýasy pena aldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda general Allakowyň ölümi hakynda hiç bir maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG