Sepleriň elýeterliligi

Türkmen migrant zenanyny işe çagyryp zorlan sud edilýär


Stambul

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň we işsizligiň fonunda, eklenç üçin Türkiýä gaýdýan zähmet migrantlarynyň ykballary barasynda, türk mediasynda dürli maglumatlar ýaýraýar. Türk mediasy aýratyn-da Türkiýede aldawa salynýan türkmen zähmet migrant zenanlaryň ykballaryna häli-şindi üns çekýär.

Türkiýäniň "Milliýet" gazetiniň ýazmagyna görä, 26 ýaşyndaky türkmenistanly Madina T. atly zähmet migrant zenanyny Stambulyň Esenýurt diýen ýerinde, tanymal bir sungat işgäriniň öýüne "iş berjek" diýip aldap çagyryp, soň hem ony zorlamakdan aýyplanýan adamyň 32 ýyl tussaglyga höküm edilmegi üçin, kazyýet golaýda oturylyşyk geçiripdir.

Madina T. atly türkmenistanly zähmet migrant zenany kazyýetde şeýle diýipdir:

"Waka 2017-nji ýylyň 11-nji fewralynda boldy. Men iş tapyp bermegi üçin, Aýşe atly bir aýal bilen gepleşdim. Aýşe maňa D.K. atly adamyň telefon belgisini berip: "Bu adam saňa bir tanymal sungat işgäriniň willasynda çaga we hojalyga sereder ýaly iş tapyp berer" diýdi. Ondan soň ol adam bilen telefonda gepleşdim. "Iş duşuşygyna adamym bilen barjagymy" aýdanymda, ol "adamyň bilen gelseň gepleşmerin" diýdi. Soň ýeke özüm onuň beren salgysyna iş duşuşygyna gitdim. Işiň şertleri barasynda gepleşip bolanymyzdan soň D.K. atly adam maňa "Seniň işiň taýýar we seni işe aldyk. Duşenbe güni işe başlarsyň" diýip, birden çyrany söndürdi. Men derrew öýden daşaryk çykmak isledim, ýöne D.K. meniň saçymdan çekip goýbermedi. Soň ol kelläme tüpeň diräp: "Men seniň saglyk kepilligiňi tölejek we onuň öwezine sen meniň bilen jynsy gatnaşyk gurmaly bolarsyň. Meniň diýenimi etmän, teniňi bermeseň seni şu ýerde atyp öldürerin" diýip haýbat atdy. Soň ol meniň agzymy kemer bilen daňyp, meni zorlady. Ondan soň hem polise aýdaýsam öldürjegini aýtdy. Ýöne şonda-da men wakadan bir gün soň polise gidip, arza-şikaýat etdim. Onuň aýdýanlarynyň bary ýalan, meni zorlany çyn".

Stambulyň 5-nji agyr jeza kazyýetinde bolan sudda çykyş eden D.K. atly aýyplanýan bolsa "Men ony zorlamadym, ol öz islegi bilen jynsy gatnaşykda boldy. Çagamyz bolany üçin, aýalym hem işläp maşgalamyzy ekläp bilmeýär. Şonuň üçin sud işi doly tamamlanýança, tussaglykdan goýberilmegimi talap edýärin" diýip, günäsizdigini öňe sürüpdir.

Kazyýet D.K. atly aýyplanýanyň şu wagta çenli tussaglykda galan möhletini we bar bolan delilleriň ýagdaýyny göz öňünde tutyp, sud işi doly tamamlanýança, onuň maşgalasynyň ýanynda bolmagyna karar berip, daşary ýurda çykmagyny hem gadagan edipdir.

Ýatlap geçsek, türk mediasynda mundan owal ýaýran habarlarda arassaçylyk işini etmegi üçin, öýüne çagyran türkmenistanly zähmet migrant zenany bir adamyň palta bilen zamun alandygy, iş duşuşygyna diýip çagyrylan ýene bir zähmet migrant türkmen zenanyň ol ýerde janyna kast edilendigi, şonuň ýaly-da iş wadasy bilen aldawa salnan türkmenistanly zenanlaryň soň tenini satmaga mejbur edilendigi barasynda maglumatlar berlipdi.

Sözi jemläp aýtsak, Türkiýe türkmenistanly zähmet migrantlarynyň ýykgyn edýän esasy ýurdy bolýar we migrantlaryň başdan geçirýän ýagdaýlary barasynda, Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki metbugatda hiç hili söz açylmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG