Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pagta borçnamasyny dolup bilmedikler prokuratura çagyrylýar


Pagta
Pagta

Daşoguzda pagta hasylyny dolup bilmedik daýhanlary prokuratura soraga çagyryp, olara garşy derňew işlerini geçirip başlady.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan ýurduň demirgazyk welaýatynyň kärendeçeleri häzir hökümetiň özleriniň dolup bilmedik pagta planyny mejbury ýagdaýda töledip başlandyklaryny aýdýarlar.

Prokuraturanyň soragyndan soň, döwlete bergisi bolan kärendeçileriň işleri suda geçirilip, ol ýerde puly mejbury ýagdaýda tölemelidigi barada höküm çykarylýar; töläp bilmedik daýhanlaryň bolsa, öýündäki goşlary konfiskasiýa edilip, döwletiň haýryna geçirilýär.

Kärendeçiler pagta planyny dolup bilmändiklerine döwletiň öz üstüne alan sürüm, dökün we beýleki tehniki hyzmatlaryyň wagtynda ýa asla-da üpjün edilmändiginiň sebäp bolandygyny aýtsalar-da, olaryň bu düşündirişlerine ‘gulak asmandyrlar’.

“Bular diňe harmanda [pagta tabşyrýan] wagtyň senden habar alýarlar. Tehnika, dökün gerek wagty barmysyňam diýenoklar. Telewizorda hamana diýersiň ähli zat bilen üpjün edýän ýaly, agyzlaryny dolduryp gürleýärler. Edilýän zat ýok. Resmileriň derdinden zyýana galanymyz bir zat, indi gaýtam ýene hökümete pul tölemeli” diýip, Daşogzuň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň kärendeçileriniň biri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Galyberse-de, welaýatyň prokuraturasy we häkimligi ýokarda beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda Azatlyk Radiosyna nähilidir bir kommentariýa ýa düşündiriş bermekden ýüz öwürdi.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl türkmen daýhanlarynyň ýurduň harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigi yglan edilipdi.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan pagtaçy daýhanlaryň ýurtda pagta planynyň dolanyna şübheli garaýandyklaryny aýdypdylar. Prezidenti Gurbanguly Bedimuhamedowyň özi-de “şertnamalaýyn borçnamalar ýerine ýetirildi” diýlenden soňra, geçen ýylyň aýagynda pagta hasylynyň azlygyndan we pagta ýygymynyň haýallygyndan nägile bolupdy. Emma ol munuň sebäplerini aýdyňlaşdyrman, diňe ýerli ýolbaşçylara käýinç bermek we häkimleri wezipesinden boşatmak bilen çäklendi.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan daýhanlar muňa hökümetiň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändiginiň sebäp bolýandygyny aýtdylar.

Galyberse-de, ýerli synçylaryň köpüsi Türkmenistanda ýokardan berilýän pagta planynyň doldurylmazlygynyň esasan daýhanlaryň iş we gazanç şertleri bilen baglydygyny, mejbury zähmet şertlerinde ýokary hasyl almagyň mümkin däldigini öňe sürýärler.

Şol bir wagtda, halkara hukuk toparlary, şol sanda “Cotton Campaign”Türkmenistanda gowaça meýdanlarynda çagalaryň, mugallymlaryň, saglyk işgärleriniň we beýlekileriň mejbury işledilmegi ýaly faktlara uly alada bildirip gelýär. Bu ýagdaýlaryň fonunda dünýäniň belli, şol sanda H&M, IKEA ýaly söwda markalary türkmen pagtasyndan ýüz öwrüpdiler.

Bu aralykda, resmi metbugatda ýurtda obasenagat toplumyny özgertmek, ony dünýä bazarynda ýokary girdejili, bäsdeşlige ukyply pudaga öwürmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, şeýle-de daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti, bol hasyl ýetişdirmekleri we doly derejeli durmuş ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG