Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Pasport indeksi sanawyndaky pozisiýasy gowşady


Türkmenistanyň pasportlary

Türkmenistan Pasportlar indeksi atly halkara hasabatynda şu ýyl 85-nji ýerde ýerleşdirilipdir

“Hanley&Partners” atly geňeşçi agentligi we howa transporty boýunça halkara agentligi tarapyndan düzülýän bu ýyllyk hasabatda berlen baha görä, Türkmenistanyň pasporty syýahatçylyk üçin amalylyk nukdaý nazaryndan geçen ýylkysyndan yza süýşüpdir. 2017-nji ýylyň hasabatynda Türkmenistan 78 setirde görkezilipdi.

Maglumata görä, geçen ýylda-da bolşy ýaly, 177 ýurda wizasyz syýahat etmäge mümkinçilik berýän Germaniýanyň pasporty syýahatçylyk üçin iň amatly bolmagynda galýar, syýahat üçin iň amatsyz pasport Owganystana degişli bolup, dünýäniň 24 ýurduna wizasyz syýahat etmäge mümkinçilik berýär.

Hasabatda Türkmenistanyň pasportynyň dünýäniň 50 ýurduna syýahat etmäge mümkinçilik berýändigi aýdylýar.

Emma Türkmenistanyň raýatlary iş ýüzünde ýurduň daşyna çykmakda ýyllar boýy dürli kynçylyklara duçar bolup gelýärler.

Türkmenistanyň 2008-nji ýylda täze biometriki pasportyny girizmeginden soň, müňlerçe raýat dokumentsiz galdy, ençemesi pasportlaryny täzeläp bilmän, ýurduň daşynda bikanun ýagdaýda galdy.

Türkmenistanyň raýatlary ýurduň daşyna diňe paýtagt Aşgabadyň halkara aeroportyndan uçar arkaly çykyp bilýärler, şeýle-de Özbegistana, Gazagystana we Eýrana guryýer serhet geçelgelerinden geçip bilýärler.

Diňe bir 2017-nji ýylda Aşgabadyň halkara aeroportynda uçara goýberilmän, ýurtdan çykarylmazlygy bilen bagly ýagdaýlaryň onlarçasy barada habar berlipdi. Türkmenistanda kanunlarda görkezilmedik, emma iş ýüzünde ulanylýan düzgünlere görä, harby gullukdan geçmedik ýaş oglanlaryň we daşary ýurtlarda okamaýan ýaş zenanlaryň ýurduň daşyna syýahat etmegine gadagançylyk ulanylýar.

Türkmenistanyň serhetýaka regionlarynyň ýaşaýjylarynyň hem goňşy ýurtlara gitmegine yzygiderli bökdençlikler döredilýär.

Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhedinde ýerli ýaşaýjylar üçin ýeňilleşdirilen wiza almak üçin düzgüniň göz öňünde tutulmagyna garamazdan, raýatlaryň serhetden geçmek mümkinçilikleriniň örän çäklidigini ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Sеrhеtýaka rеgionlarynyň gatnaşygynyň, ýagny ýеňillеşdirilеn wizalaryň ýatyrylany 6 ýyla golaýlap barýar. Wizalar tölеgi dollarda, iň az wiza möhlеti bir aý. Wiza taýyn bolýança 3 müň manat puluň çykýar, muňa ýagdaýy çatýan daşoguzly tas ýok diýen ýaly. Dogan dogana zar döwür häzir” diýip, Azatlyk Radiosyna daşoguzly okyjydan gelen hatda aýdylýar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda wiza režimi saklanýar.

Ýurtlaryň arasynda 2004-nji ýylda ylalaşyk baglaşylyp, serhetýakada ýaşaýan ýaşaýjylara serhetden wizasyz geçip, goňşy ýurtda üç gün bolmagyna rugsat berlipdi. Emma bu ýeňillikli syýahat mümkinçiligi 2013-nji ýylyň güýzünde ýatyrylypdy. Goňşy ýurda her aýda üç gün möhlet bilen wizasyz barmak mümkinçiliginiň şu ýylyň ýanwarynda gysga wagtlyk dikeldilendigi habar berildi.

Häzirki wagtda serhet meselesi ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň arasyndaky gepleşikleriniň üns merkezinde durýar.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýewiň mart aýynyň başynda Türkmenistana eden saparynyň yzýany 1-nji aprelden başlap, Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhetýaka regionlarynyň raýatlaryna türkmen-özbek serhedinden wizasyz geçmäge rugsat berler diýip, garaşsyz neşirler özbek resmilerine salgylanypdy, emma şeýle mümkinçilik entek döredilmedi.

Azatlyk Radiosynyň daşoguzly okyjysy iki ýurduň prezidentleriniň serhet meselesine ünsi gönükdirmeginiň ýerli ilatda umyt döredendigini belledi: “Daşoguzyň halky şu gatnaşygyň dikеlmеginе hеnizеm umyt edip ýaşaýar. Gеçеn ýylyň başynda hеm ýеňillеşdirilеn wiza dikеljеkmiş diýen umytlar puç bolupdy, ýakynda ‘Watan’ habarlarynda özbеk ýolbaşçysynyň ýazan hatynda döwlеtlеrimiziň sеrhеt ýakasyndaky halklaryň gatnaşyklaryny dikеldеris diýen sözi daşoguzlylarda ýеnе-dе täzеdеn umyt döretdi”.

2017-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň we Özbegistanyň resmileri ýurtlaryň özara serhedini kesgitlemek boýunça yzygiderli gepleşikleriň ençemesini geçirdiler.

Özbegistan öz ýurtlarynyň wizasyz syýahat etmegi boýunça goňşy ýurtlar bilen gepleşik geçirýär. Özbegistanyň goňşy Täjigistan bilen özara wiza režimini ýatyrmak barada ylalaşandygyny media serişdeleri 2018-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda habar berdiler.

Ýurtlaryň arasyndaky uzynlygy 1621 kilometrlik umumy serhedi Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan we Özbegistanyň birnäçe regionyndan geçýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG