Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sinaý ýarymadasynda hristian erkegi atylyp öldürildi


Goşlaryny maşyna ýükläp, al-Ariş töweregindäki söweşlerden gaçyp barýan maşgala. Arhiw suraty
Goşlaryny maşyna ýükläp, al-Ariş töweregindäki söweşlerden gaçyp barýan maşgala. Arhiw suraty

Müsür häkimiýetleri ýaragly adamlaryň ýurduň demirgazygyndaky Sinaý ýarymadasynda bir hristian erkegini atyp öldürendiklerini aýdýar.

13-nji ýanwar agşamy demirgazyk Sinaýyň paýtagty al-Arişde ýüzi perdeli üç adam tarapyndan amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Emma howpsuzlyk resmileriň bu hüjümde “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň hüjümlerine çalymdaşlyk bar diýýärler.

YD Müsüriň hristian azlygyny gaýta-gaýta nyşana alýar, olar 2016-njy ýylyň dekabryndan bäri guralan partlamalarda we atyşyklarda 100-den gowrak adamy öldürdiler.

XS
SM
MD
LG