Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FH: Türkmenistan ‘ýamanyň ýamanynda” galýar


“Freedom House” guramasynyň raýat azatlyklarynyň we syýasy haklaryň derejesi boýunça 16-njy ýanwarda çap eden hasabatyna görä, Amerikanyň demokratik standartlarynyň ýukalmagynyň çaltlaşmagy bilen, bütindünýäde demokratiýa hüjüm astynda we yza çekilýär.

Halkara “Freedom House” guramasy dünýäde demokratiýanyň ýagdaýy boýunça nobatdaky ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hasabatda Türkmenistan bilen Özbegistan “ýamanyň ýamany” atly ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirildi.

“Freedom House” guramasynyň raýat azatlyklarynyň we syýasy hukuklaryň derejesi boýunça 16-njy ýanwarda çap eden hasabatyna görä, Amerikanyň demokratik standartlarynyň ýukalmagynyň çaltlaşmagy bilen, bütindünýäde demokratiýa hüjüm astynda we yza çekilýär.

“Dünýäde azatlygyň derejesi 2018” at bilen ýaýradylan raportda dünýädäki ýurtlar demokratiýanyň derejesi boýunça – azat, bölekleýin azat we azat däl – üç kategoriýa bölünýär.

2017-nji ýyla syn edilen hasabatyň azat däl diýlip kesgitlenilen kategoriýasynda dünýäniň 49 ýurdy ýerleşdirilip, olar planetanyň ilatynyň 37 prosentini öz içine alýar. Bu ýurtlaryň 12 sanysy bolsa, “ýamanyň ýamany” diýlip atlandyrylyp, olara 100 bal derejesinden 10 baldan hem az baha berilýär.

Olaryň hataryna Türkmenistan, Özbegistan, Saud Arabystany, Siriýa, Günorta Sudan, Eritreýa, Demirgazyk Koreýa, Ekwatorial Gwineýa, Somali, Sudan, Merkezi Afrika respublikasy we Liwiýa girip, bu ýurtlarda raýat azatlyklarynyň we syýasy haklaryň derejesiniň iň pes görkezijä eýedigi aýdylýar.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gyrgyzystan hasabatda 100 bal derejesinden 37 bal alyp, bölekleýin azat ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirildi. Bu kategoriýa Ermenistan, Gürjüstan, Makedoniýa, Moldowa, Ukraina we Pakistan ýaly ýurtlar girýär.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän gurama demokratiýanyň ýagdaýy boýunça Türkiýede möhüm üýtgeşiklikleriň bolandygyny aýdyp, ýurdy hasabatyň “bölekleýin azat däl” kategoriýasyndan çykaryp, “azat däl” döwletleriň hatarynda ýerleşdirdi.

Şeýle-de, raportda Türkiýede 2016-njy ýylda başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň, prezident Rejep Taýýyp Erdoganyň öz garşydaşlary diýilýänlere garşy basyşlary güýçlendirmeginiň türk raýatlary üçin ýaramaz netijeleriniň bolandygy aýdylyp, bu ýurda 100 bal derejesinden 32 bal berilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG