Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen talyby: VISA kartlaryny ýapdylar; çörek almaga-da pulumyz ýok


Bankomat
Bankomat

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplary VISA plastik kartlaryndan maliýe serişdeleriniň nagtlaşdyrylmagynyň togtadylmagy bilen, özleriniň agyr ýagdaýa düşendigini, hatda çörek almaga hem pullarynyň galmandygyny aýdýarlar.

Soňky birnäçe günüň dowamynda Azatlyk Radiosy bilen dürli ýurtlarda bilim alýan türkmen talyplarynyň onlarçasy habarlaşyp, şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri plastik kartlaryna geçirilen pullary nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini gürrüň berdiler.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanda dollar söwdasyna we daşary ýurtlara ugradyp bolýan maliýe serişdelerine girizilen çäklendirmelerden soň, VISA kartlary ýurduň daşynda pullary ulanyp bolmagyň ýeke-täk ýoly bolup galypdy. Emma häzirki pursat türkmen hökümetiniň bu mümkinçiligi hem böwetländigine çalym edýär.

Türkmen talyplary VISA kartlaryndan pullaryny alyp bilmeýärler
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:28 0:00

“Ýyl täzeleneni bäri [VISA] kartlarymyzdan ýekeje-de rubl çekip bilmeýäris. Ene-atalarymyz [Türkmenistanda] talap edilýän bir topar güwänamalary toplap, soňkuja pullaryny kartlarymyza geçirýärler, türkmen hökümeti bolsa, karam oýun edýär. Pulsuzlykdan ýaňa, talyp halymyza hajathanalary ýuwup, gara şaýy gazanmaly bolduk” diýip, Moskwanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde bilim alýan türkmen talyby aýdýar.

Gazagystanda okaýan başga bir türkmen talyby bolsa: “Täze ýyldan bäri [VISA] kartlarymyz bilen ne pul nagtlaşdyryp, ne-de söwda edip bolýar. Baran dükanymyzda masgara bolup gaýdýarys. Çörek almaga hem pulumyz galmady” diýip nägileligini bildirdi.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna ýokarky mazmunly hatlaryň onlarçasy gelýär. Degişli türkmen resmileri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bolsa bu ýagdaýlar dogrusynda, nähilidir bir kommentariýa ýa düşündiriş bermekden ýüz öwürýärler.

Şol bir wagtda, bankyň dekabryň başynda çykaran soňky resmi kararyna görä, türkmen banklaryna degişli VISA kartlaryndan günde daşary ýurt walýutasynda nagtlaşdyrmak üçin göz öňünde tutulan puluň möçberi 50 amerikan dollaryna, nagt bolmadyk tölegleriň möçberi 100 amerikan dollaryna barabar bolmaly. Bank işgärleri dekabrda kesgitlenen bu möçberiň üýtgewsiz galýandygyny Azatlyk Radiosynyň çeşmesine tassyklasalar-da, häzirki güne çenli VISA kartlary bilen nagtlaşdyrmak operasiýalaryny amala aşyryp bolmaýar.

Bu aralykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň jogapkär işgärleriniň biri atlandyrmasyzlyk şerti bilen, mundan beýläk VISA kart eýeleriniň Migrasiýa gullugyndan ýörite resminamany hödürlemeli boljakdyklaryny aýtdy.

Onuň sözüne görä, şeýle resminama arkaly raýat ýurduň daşyna çykmagyna gadagançylygyň ýokdugyna kepil geçmeli. Emma bir ýyla golaý wagt bäri bar bolan bu düzgün öň ýurduň daşyna çykýan adamyň öz VISA kartyny aeroportda hasaba goýdurmagy bilen çäklenilýärdi, häzirki wagtda plastik kartalardan daşary ýurtlarda peýdalanmak isleýänler Migrasiýa gullugyndan resminama alyp, Daşary ykdysady bankyna tabşyrmaly, bolmasa plastik karty ýurduň daşynda işlemeýär.

Emma häzirki pursatda daşary ýurtlarda bilim alýan talyplaryň bu täze düzgüni ýurduň daşynda nähili berjaý etmelidigi dogrusynda, hiç hili mümkinçiligiň göz öňünde tutulmandygy hem bellenilip geçilýär.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, döwlet resmileri we mediasy daşary ýurtlardaky türkmen talyplarynyň pul çäklendirmesi zerarly başdan geçirýän kynçylyklary barada kelam agyz söz aýtmaýarlar.

XS
SM
MD
LG