Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul oteliniň gabawy hüjümçileriň we alty raýatyň ölümi bilen soňlandy


Kabul otelindäki howpsuzlyk operasiýasy (Reuters)
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:58 0:00

Kabul otelindäki howpsuzlyk operasiýasy (Roýters)

Owganystanyň Içeri işler ministrligi Kabuldaky kaşaň myhmanhananyň ganly gabawy tamamlandy, 12 sagatlyk howpsuzlyk operasiýasyndan soň azyndan üç hüjümçi öldürildi diýýär.

Ministrligiň sözçüsi Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna 21-nji ýanwar güni irden asuda ilatdan azyndan alty adamyň öldürilendigini, alty adamyň, şold sanda üç sany polisiýa ofiseriniň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Ölenleriň arasynda bir daşary ýurtly hem bar.

Howpsuzlyk işgärleri “Intercontinental” myhmanhanasyna edilen hüjümden soň 150-den gowrak adamy, şol sanda 40 sany daşary ýurtlyny halas etdiler. Bu hüjüm 20-nji ýanwarda, agşam sagat 9 töwereginde başlandy.

Başda bu hüjümiň dört sany ýaragly adam tarapyndan edilendigi aýdyldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini "Talyban" öz üstüne aldy.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Najib Daniş howpsuzlyk güýçleriniň myhmanhanany barlamagy dowam etdirýändiklerini gürrüň berdi.

Ol howpsuzlyk güýçleriniň agzalarynyň otagma-otag aýlanyp, ol ýerde başga hüjümçiniň ýokdugyna göz ýetirmäge çalyşýandyklaryny hem sözüne goşdy.

Içeri işler ministri Wais Barmak Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna bu myhmanhananyň goragyny iki hepde ozal hususy howpsuzlyk kompaniýasynyň öz üstüne alandygyny aýtdy.

Owgan häkimiýetleri biraz öň myhmanhana zabt eden ýaragly adamlaryň aşhananyň içinden geçene meňzeýändigini, olaryň myhmanlary oka tutup, gijesi bilen howpsuzlyk güýçlerine garşy durandygyny aýtdylar.

“Roýters” myhmanhana menejeri hem-de wakanyň bolan ýerinden gaçyp çykan Ahmad Haris Naýaba salgylanyp, myhmanlaryň daş-töwereklerini gurşan atyşygyň içinde gaçyp çykamaga çalşandyklaryny habar berdi.

Fransiýanyň AFP habar gullugy gabaw wagtynda ady aýdylmadyk owgan aňtaw resmisine salgylanyp, binanyň içinde dört hüjümçiniň bardygyny we olaryň myhmanlary oka tutýandygyny habar berdi.

AFP habar gullugy bilen telefon arkalyhabarlaşan otel myhmanlarynyň biri özüniň hüjümçileriň myhmanhananyň içindedigini ýa däldigini bilmeýändigini, emma ýarag sesiniň birinji gatyň golaýynda bir ýerden gelýändigini aýtdy.

"Biz öz otaglarymyzyň içinde gizlenýäris. Men howpsuzlyk güýçleriniň bizi mümkin boldugyça çalt, olar bizi tapyp öldürmezinden öň halas etmeklerini soraýaryn” diýip, myhman aýtdy.

Owgan Telekomynyň regional direktory Aziz Taýeb özüniň IT konferensiýasyna gatnaşyp oturan mahaly bu otele giren hüjümçileri görendigini gürrüň berdi.

Şaýatlar hüjümçilerden gaçýan adamlaryň birnäçesiniň prostynlardan ýüp ýasanyp, balkonlardan ýokarky gatlara dyrmaşmaga çalyşandygyny gürrüň berdiler.

Içeri işer ministrliginiň sözçüsi Nasrat Rahimi bu hüjümiň otelde tutulan toý dabarasyna gabat gelendigini, emma oňa gatnaşyjylaryň hemmesiniň howpsuz ýere çykarylandygyny aýtdy.

Rahimi hüjümçileriň aşhanany we üçünji gaty oda berendiklerini, üçünji gatyň tas ýarysynyň ýanandygyny gürrüň berdi.

“Intercontinental” oteli 2011-nji ýylyň iýun aýynda hem nyşana alyndy, şonda 21 adam öldürildi, olaryň azyndan 10-ysy asuda adamdy.

XS
SM
MD
LG