Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy rekord derejä ýetdi


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda, şol sanda Aşgabatda dollaryň “gara bazardaky” nyrhlary soňky ençeme ýylyň dowamynda rekord derejesine baryp ýetdi. Şu gün irden dollar söwdagärleri 1 amerikan dollaryny ortaça 11 manatdan satyn alyp, 11,50 manatdan satan bolsa, günüň soňunda onuň bahasy 12 manada ýetdi.

Ýatlap geçsek, Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanynda, ýagny geçen ýylyň ahyrynda dollaryň “gara bazaryndaky” nyrhy gymmatlap, şonda söwdagärler 1 amerikan dollaryny 9,80-10 manatdan satyn alyp, 10,20-10,40 manatdan satýardylar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu tendensiýa geçen hepdäniň ahyryna çenli dowam edip, 17-nji ýanwardan bäri dollaryň “gara bazarda” gaýtadan gymmatlamagy dowam edýär. Hatda dollar söwdagärleri geçen hepdäniň ahyrynda 1 amerikan dollaryny ilkinji gezek 12 manatdan hem satandyklaryny aýdýarlar.​

“Iki-ýeke has bir gyssanmaç gelen adamlara dollary 12 manatdan satandyklaryny-da dollaryň “gara bazardaky” söwdagärleri hem-de gyssanmaç dollar gerek bolup dollar satyn alanlar aýdýarlar. Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy heniz 12 manada ýetmändi” diýip, aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” söwdasy ýa-da onda dollaryň barha gymmatlamagy barada ne türkmen häkimiýetleri, ne-de media serişdeleri tarapyndan kelam agyz söz aýdylýar.

Ýöne dollar söwdagärleri ýa-da “gara bazardan” dollar satyn alynýan raýatlaryň onlarçasy bu gymmatlamanyň sebäplerini, Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň daşary ýurtdan harytlary import edýän telekeçilere manatlaryny dollara konwertasiýa edip bermeýändigi bilen düşündirýärler.

Synçy Bugaýewiň sözüne görä, dollary ‘gara bazardan’ satyn alýanlaryň köpüsi daşary ýurtlardan haryt getirýän firmalar bolup, şu aýdan başlap olara manady Merkezi Bankyň bahasyndan dollara öwrüp bermekden ýüz öwrüpdirler. Bu firmalaryň daşary ýurtlardan harytlary getirmäge rugsat hatlary, lisenziýalary bolup, olar Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň-de agzasy bolup durýar.

“Şolaryň [firma eýeleriniň] gürrüň bermegine görä, iki eliň barmagyna ýeter-ýetmez firmalara dollary Merkezi bankdaky nyrhdan satyn almaga rugsat edildi. Olar has uly firmalar. Şol firma eýeleriniň köpüsem diňe Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolmak bilen çäklenmän, olar Senagatçylar we telekeçiler birleşiginde ýa-da onuň welaýatlardaky bölümlerinde ýolbaşçy wezipeleri eýeleýärler. Galan firmalaram işiniň juda ýatyp galmazlygy üçin, indi isleselerem-islemeselerem dollar näçä durýanam bolsa satyn alyp, ýurduň daşyndan haryt getirmäge borçly diýýärler” diýip, Bugaýew firma eýelerine salgylanyp gürrüň berdi.

Galyberse-de, telekeçiler konwertasiýanyň çäklendirilmegi netijesinde özleriniň “gara bazarda” dollary resmi kursyň bahasyndan üç – üç ýarym esse gymmada satyn alýandyklaryny ýatladyp, özleriniň daşary ýurtlardan getirjek indiki harytlarynyň bahasynyň hem öňküsinden gymmat boljakdygyny duýdurýarlar.

Ýatlap geçsek, geçen hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň daşary ýurtdan harytlary import edýän telekeçilere manatlaryny dollara konwertasiýa edip bermeginde bökdençlikleriň ýüze çykyp başlandygy dogrusynda maglumatlar peýda boldy.

17-nji ýanwarda “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri geçen ýylyň dekabryndan bäri konwertasiýa etmäge ygtyýarly banklarynyň hiç biriniň häzir bu operasiýalary amala aşyrmaýandygyna ünsi çekip, konwertasiýa üçin telekeçileriň dekabrda tabşyran dokumentleri barada häzirki güne çenli hiç hili netije çykarylmandygyny habar berdi.

2016-njy ýylyň ýanwaryndan Türkmenistanda dollaryň resmi söwdasynyň togtadylmagy bilen, bankdan konwertasiýa edip bolýan ýa-da öz hasabyňdan alyp bolýan daşary ýurt walýutasyna, şeýle-de “Western Union” we “MoneyGram” arkaly daşary ýurda ugradyp bolýan puluň möçberine, import bilen meşgullanýan telekeçileriň Merkezi bank arkaly manady dollara öwürmek düzgünlerine ençeme tapgyr çäklendirme girizilipdi.

Bu ýagdaý ýurtda walýutanyň iki – döwlet we “gara bazar” kurslarynyň emele gelmegine getirip, häzirki wagtda “gara bazarda” dollaryň bahasynyň gymmatlamagy dowam edýär. Döwlet kursunda bolsa, 1 amerikan dollarynyň bahasy 3 manat 50 teňňe möçberinde saklanyp galýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG