Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow öz kitaby esasynda film döretmegi tabşyrdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we onuň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygarynyň "çuňňur many-mazmunyny beýan edýän" täze ýokary çeperçilikli filmleri döretmegiň zerurdygyny aýtdy.

Belläp geçsek, bu waka Daşoguzda býujet işgärleriniň köpçülikleýin ýagdaýda çekilmeginde, Berdimuhamedowyň ýazandygy aýdylýan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby esasynda, çeper filmiň surata düşürilip başlanandygy baradaky maglumatlardan bir aý çemesi wagt soňa gabat geldi.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, anna güni geçirilen hökümet maslahatynda Berdimuhamedow milli taryhy-medeni mirasy wagyz etmek, halkara derejesindäki medeni çäreleri taýýarlamak we geçirmek, aýratyn-da, 2018-nji ýylda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläpdir.

Şol bir wagtyň özünde-de, taýýarlanýan habarlaryň we teleradioýaýlymlar arkaly berilýän gepleşikleriň hiliniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigi bellenildi diýlip, resmi habarda türkmen lideriniň bu babatda wise-premýere birnäçe "anyk görkezmeleri" berendigi aýdylýar.

Prezidentiň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby geçen ýylyň oktýabrynda ilata hödürlenipdi. Munuň yzy bilen, kitap türkmen mediasynda giňden mahabatlandyrylyp, şeýle-de, onuň Germaniýa, Awstriýa, Saud Arabystany, Hytaý ýaly ýurtlarda tanyşdyrylyş dabaralarynyň geçirilendigi habar berildi. Mundanam başga, kitabyň ady 2018-nji ýylda geçmeli Ýaşulular Maslahatynyň şygary hökmünde saýlandy.

Geçen ýylyň dekabrynda bolsa, ýurduň demirgazyk welaýatynyň taryhy sebitlerinde Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň surata düşüriliş işleriniň alnyp barylýandygyny Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmeleri habar berdiler.

Şonda ýerli medeniýet işgärleri çeper filmiň Was düzlügindäki Aşykaýdyň pir ýadygärliginde, Köneürgenç we Görogly etraplarynyň taryhy sebitlerinde surata alynýandygyny we oňa welaýatyň býujet işgärleriniň mejbury ýagdaýda çekilýändigini Azatlyga gürrüň beripdiler.

Býujet işgärleriniň ähli harajatlary özleriniň çekmelidigini, şeýle-de, bellenilen ýerlere-de özleriniň aşmaly bolýandyklaryny, filmiň surata düşüriliş işlerine kömek bermekden ýüz öwrenleriň işinden kowuljakdygy bilen haýbat atylýandygyny we käbir işgärleriň bolsa gününe 40 manat töläp, ornuna başga birini ýollaýandyklaryny, Gubadag etrabynyň mugallymlarynyň biri Rahat (ady üýtgedilen – red.) aýdypdy.

Galyberse-de, filmde köpçülikleýin sahnada surata düşýän medeniýet işgärleriniň zerur bolan lybaslary öz hasaplaryna almaly edilendigi barada hem bu filmde surata düşýän oýunçylaryň biri atlandyrylmasyzlyk şerti bilen Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi.

Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna gelmeginden ozal nähilidir bir kitap çykarandygy barada maglumat bolmasa-da, prezident döwründe sportsmen, aýdymçy we sazanda, awtosürüji, atşynas, ussat çapyksuwar hökmünde tanaldy. Indi Berdimuhamedowyň adyndan 50-ä golaý kitaby çap edildi. Diňe 2016-njy ýylda onuň adyndan 7 kitap çykdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG