Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

PÝGG-niň resmileri welaýatdan gelenleri ‘ýörite köseýär’


Aşgabadyň köçeleriniň birinde köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleri

Welaýatlardan Aşgabada gelýän sürüjileriň kemsidilmegi, olaryň öz ulaglarynda Aşgabat şäherine goýberilmezligi, uzak ýoldan ýadap gelýän sürüjileriň bolgusyz synaglara sezewar edilmekleri baradaky maglumatlar artýar.

Mary welaýatyndan Aşgabada näsag alyp gelen Arslanyň aýtmagyna görä, Aşgabada 17 kilometr çemesi galanda, ‘Gäwresiň täze posty’ diýilen ýerde, polisiýanyň ýol-gözegçilik punktynda saklap, onuň elinden awtoulagnyň tehpasportyny alypdyrlar hem-de oňa ýoldan 500 metr ýaly gaýrada gurlan awtoduralga girip, şol ýerde garaşmalydygyny aýdypdyrlar. Arslan ol ýerde 10-15 Mary hem-de Lebap welaýat belgili awtoulaglaryň bardygyny gürrüň berdi.

“Eýýäm öýlän sagat 18-den geçip, gün ýaşyp barýardy. Emma ýoldan ýadaw gelýän sürüjileriň ýadawlygy hem, awtoulagynda näsag adamynyň bardygy hem polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleriniň gözüne ilmedi. Gün ýaşyp, garaňky düşenden soňra polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerniň biri ýanymyza gelip, sürüjilerden öz yzyna düşmeklerini talap etdi.

Sürüjiler buýruga boýun bolup, polisiýanyň işgäriniň awtoulagynyň yzyndan, edil bir etmesiz iş edip, günäkärlenýän ýaly bolup, sürüjiler ýüzlerini sallap barýardylar. Dagy alajyň näme, eliňden dokumentiň alnandansoň, gitjek ýeriň ýok. Polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň işgäri bolsa edil bir gahrymançylykly işi ýerine ýetirýän ýaly gaýşarlyp barýar” diýip, Arslan aýdýar.

Arslan özüniň Çoganlydaky awtoduralga däl-de, has uzagrak ýere alnyp gidilendigini aýdýar. Aşgabadyň daşyndaky aýlaw ýol bilen bir sagada golaý ýol geçilensoň, ahyr bir ýere baryp saklanýarlar. Sürüjilerden Aşgabadyň töwereklerine beledräklerden birisi ol ýerliň Babaarabyň golaýyndaky Yzgant obasydygyny aýdýar.

“Ine, şol menzilde hem polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň işgäri biziň dokumentlerimizi elimize berdi. Biz nämäniň nämedigine düşünmän galdyk. Ýöne elimize dokumentlerimiz berilse razy bolup, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgäri gaýdandan soňra, yzymyza Aşgabada öwrüldik.

Bu synagyň näme üçin edilendigi 15-den gowrak sürüjä nämälim bolup galdy. Bu näme adamlary kemsitmekmi ýa adamlaryň üstünden gülmekmi? Welaýatlardan Aşgabada gelýän sürüjileriň, belki-de, puşman edip, Aşgabada awtoulagda gelmeklerini bes etdirmek üçin edilýän hereketmi? Garaz, öz edýän bikanun işlerine özleri düşünýän bolaýmasalar, adamlary kemsitmeklik ýetjek derejesine ýetdi, bu eden-etdilige gözegçilik ýoklugy bolsa böwrüňi diňledýär” diýip, Arslan aýdýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG