Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marydaky şugundyr dawasy ýa-da daýhanlar 'azaplarynyň köýýändigini' aýdýarlar


Lebaply daýhan
Lebaply daýhan

“Garagum etrabynda şugundyr dawasy turdy, daýhanyň daban azabyny puja çykarýarlar” diýip, Azatlyk radiosynyň Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky çeşmesi habar berýär.

Aýdylmagyna görä, Garagum etrabynyň Baýramaly daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän şugundyr ammarynda daýhanlaryň ýetişdiren hasylyny, hapa diýen bahana bilen, hakyky agramyndan has azaldyp kabul edýärler. Mysal üçin, “ammara getiren şugundyryň 100 tonna bolsa, ony 70-80 tonna hasaplaýarlar” diýip, Azatlyk radiosyna gowşan habarda aýdylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda daşary ýurtlardan import edilýän gök, bakja önümlerini azaldyp, importyň öwezini tutýan önümleriköp öndürmegi talap edýär. Şeýle-de prezident daýhanlaryň ýokary hilli, daşary ýurtlara eksport edip boljak önümleri öndürmegi üçin döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilendigini aýdýar.

Emma Azatlyk radiosynyň çeşmeleri ýurtda dörän azyk problemalaryny ýeterlik iş şertleriniň bolmazlygy, ýer, suw, dökün, tehnika babatdaky kynçylyklar, giň ýaýran korrupsiýa faktlary bilen baglanyşdyrýarlar.

Garagum etrabyndaky çeşmeBaýramaly daýhan birleşiginde turan şugundyr dawasynyň aňyrsynda hem hut şeýle meseleleriň ýatandygyny belleýär.

“Bir gektar meýdana ekilen şugundyra edilýän azabyň çykdajy-harajady, döwletiň tutup galýan tutumlaryndan daşary, ammara eltip tabşyrýançaň 800-900 manat bolýar. Döwletiň tutýan tutumlary bolsa azyndan 1050 manat” diýip, kärendeçiler Azatlygyň çeşmesine gürrüň berdiler.

"Şu çykdaýjylardan soň, alty aýlap çekilen zähmetiň köýýän halatlary hem az bolmaýar. Kähalatda ekinlerimiz doňaklykda galyp, hasylymyz eräp-akyp,duran ýerinde spirte öwrülip, çüýräp gidýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran daýhan aýtdy.

Şeýle-de ol, gowy şugundyr ýetişdirjek bolsaň, azaby, çykdajyny hem köp etmelidigini, emma iki ýyldan bäri “zawod döwüldi, remontda” diýip, ammary bir aý boş saklap, daýhanlary iki çykdaja goýýandyklaryny sözüne goşdy.

Munuň üstesine, her teležka şugundyry ekin meýdanyndan ammaryň agzyna getirmek üçin 15 manat, soň ol şugundyry ammaryň çine aljak diýseler, ýükçä 10 manat, teležkä bolsa ýene5manatdan tölemeli diýip, kärendeçi aýdýar.

Emma şu we beýleki kynçylyklara garamazdan, daýhanlardan kärendesine alan ýerleri we döwlet bilen baglaşan borçnamalary esasynda, boýun alnan önümiň öndürilmegi berk talap edilýär.

Döwlet baştutany soňky geçiren mejlislerinde indiden beýläk oba hojalyk önümleriniň öndürilişi, şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi meselesinde prokuror gözegçiliginiň güýçlendirilmegini talap etdi.

Belki-de şu talap bilen bagly, Azatlyk radiosynyň ozal hem habar berşi ýaly, Daşoguzda pagta planyny dolup bilmedik daýhanlary prokuratura çagyryp, olara garşy derňew işlerini geçirip başladylar.

Azatlyk radiosy bilen habarlaşan daşoguzly kärendeçileriň tassyklamagyna görä,prokuraturada edilen soragdan soň, döwlete bergisi bolan kärendeçileriň işleri suda geçirilýär.

Eger daýhan suduň çykaran hökümini ýerine ýetirmese, döwlete bergisini bermese,onuň öýündäki goşlary konfiskasiýa edilip, döwletiň haýryna geçirilýär diýip, kärendeçiler Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Şol bir wagtda kärendeçileriň döwletiň öz üstüne alan sürüm, dökün, tehniki kömek borçlaryny öz wagtynda ýa-da asla ýerine ýetirmeýändigi baradaky delilleri diňlenmeýär diýip, Azatlygyň bir-birinden habarsyz we dürli regionlarda ýerleşýän çeşmeleri aýdýar.

XS
SM
MD
LG