Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda un gytçylygy dowam edýär


Arhiwden alnan surat

Mary welaýatynyň etraplarynda soňky üç aýdan bäri un gytçylygnyň aradan aýrylmaýandygy aýdylýar.

Unuň açyk söwdasynyň bolmaýany üçin, ony käbir hojalyklardan, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryndan iki bahasyna tapyp bolýar. Döwlet dükanlarynda bir haltasy 50 kilogramlyk diýilýän un 47 manada satylýan bolsa, onuň haltasyny 100 manatdan satýarlar. Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryna bukulyp, öýünde ogrynça un satýan hojalyklaram bar. Ol unlar, elbetde, iki bahasyna satylýar. “Emma muny görýän resmi hem ýok, çäre görmäge kanun hem işlänok” diýip, un gytçylygnyň sebäpleri barada ýaşaýjylar öz pikirlerini paýlaşýarlar.

Emma işsiz, aýlyk-günlüksiz halk üçin bu aşa gymmat. Aslynda 47 manat hem aýlyk-günlüksiz hojalyklar üçin az pul däl. Köp çagaly maşgalalar aýda bir halta un bilen hem oňmaýar.

Soňky wagtlarda oba dükanlaryna goýberilýän unlaryň dükana ýetmän, satyjylaryň öýlerine düşýändigini hem aýdýarlar. Dükana barsaň un ýok, emma satyjylara hoş sözleseň, olar öýüne barsaň un bermäge söz berýärler. Söwdagärler dükana gelen uny öz öýüne düşürtmegiň usulyny bolsa, her haltanyň üstüne iki-üç manat para berip alýandyklary bilen düşündirýärler. “Biziňem ýüzümize däl-de, elimize seredip un berýärler. Bermelisini bermeseň boş gaýtmaly bolýarys. Biz üstüniň parasyny berip alsak, hem söwdamyz bolýar, hem ilata un bolýar. Ýogsam bolsa un gözleginde gidersiňiz başga obalara ýa şäherlere” diýip, satyjynyň jogap berýändigini bir ýaşaýjy aýdýar.

Soňky bir aýyň dowamynda ozalky möçberi 50 kilogram diýlip ýazylan bir halta unlar indi 25 kilogramlyk kiçi haltalara gaplanyp başlandy. Satyjylar möçberi 25 kilogramlyk unly haltalaryň peýda bolmagyny hem un gytçylygy bilen baglanyşdyrýarlar. 50 kilogramlyk haltaly uny bir maşgala bereniňden, 25 kilogramlyk uny iki maşgala ýetirip bolýar. Şu ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, unuň haltasyny 25 kilodan gaplamaga görkezme berlendigini satyjylar aýdýarlar.

Un gytçylygnyň fonunda, unuň hiliniň ýaramaz bolmagynda galýandygyny hem ýaşaýjylardan eşitmek bolýar.

“Käbir haltaly unlar gowy çykýar. Emma käte heň ysly unlar hem elimize gelýär. Alajymyz ýok, ozaldan hem unuň puluny zordan tapýarys, onsoň ony mala bermäge dözemizok. Ysly diýip mala bersek, özümiz aç oturmaly boljak” diýip, Oraz aýdýar.

Un gytçylygnyň döremeginde Türkmenistanda bar bolan korrupsiýanyň sebäp bolýandygyny ýaşaýjylar aradan aýyrmaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG