Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul hüjüminde ölenleriň sany 100-den aşdy, Owganystan ýas tutýar


Howpsuzlyk güýçleri partlama bolan ýerde barlag geçirýärler.
Howpsuzlyk güýçleri partlama bolan ýerde barlag geçirýärler.

Owganystanyň hökümeti, Kabulda 100-den gowrak adamy heläklän ulag partlamasyndan soň, 28-nji ýanwary ýas güni diýip yglan etdi.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” jeňçileri öz üstüne aldy.

Pidalaryň jaýlanýan wagtynda, prezidentiň buýrugy esasynda, ýurtdaky we daşary ýurtlardaky owgan ilçihanalaryndaky owgan baýdaklary ýarpy aşak goýberildi.

Şu aralykda, içeri işler ministri Wais Barmak Kabulyň merkezindäki partlamada ölen adamlaryň sanynyň 103-e ýetendigini aýtdy. Resmiler mundaň öň pidalaryň sanynyň 95-digini aýdypdylar.

Şeýle-de ol 235 adamyň, şol sanda 30-dan gowrak polisiýa ofiseriniň ýaralanandygyny aýtdy.

Fransuz paýtagtyndaky Eýfel diňiniň çyralary, 27-nji ýanwar gijesi, partlamada ölenleriň hatyrasyna öçürildi.

“Pariž şäheri we parižliler ýene bir gezek terrorçylyk wagşylygy bilen ýüzbe-ýüz bolan owgan halky bilen bile” diýip, Parižiň şäher häkimi Anne Hidalgo Twitterde ýazdy.

XS
SM
MD
LG