Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Owadan nomerleri’ çalyşmadyk ulag eýelerine guratlyk hakyndaky şahadatnama berilmeýär


Çoganlydaky Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň awtoulaglaryň tehniki taýdan guratlygyny barlaýan edarasy. Arhiwden alnan surat
Çoganlydaky Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň awtoulaglaryň tehniki taýdan guratlygyny barlaýan edarasy. Arhiwden alnan surat

Aşgabatda garamtyl reňkdäki awtoulaglaryny ak reňke boýadan käbir sürüjilerden il içinde “owadan ýa-da bet” diýilýän maşyn nomerlerini aýryp, onuň ýerine has ýönekeý nomerleri dakmak talap edilýär.

Ýatlap geçsek, dekabr aýynyň ahyrynda Aşgabatda we ýurduň käbir beýleki welaýatlarynda gara ýa-da garamtyl reňkdäki awtoulaglary sürmek gadagan edilenden soň, maşyn eýelerinden ulaglaryny ak reňke boýatmak we şondan soň onuň tehniki taýdan guratlygy hakyndaky şahadatnamasyny täzelemek talap edilýär.

Azatlygyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, indi üç günden bäri Çoganlydaky Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň edara resmileri “owadan maşyn belgili” ulag eýelerine öz nomerlerini çalyşmasa, olara awtoulagyň tehniki taýdan guratlygy hakyndaky şahadatnamanyň berilmejekdigini duýdurýarlar.

“Yrs arap, ‘seniň nomeriň owadan nomer eken. Şony aýyrmasaň bolanok, ýerine başga nomer berýäris. Sen ertir irden gel-de, öz awtoulagyň döwlet belgisini Köçe-ýol hereketi gullugynyň degişli bölümine tabşyr. Şol güni agşamara ýa-da ertesi güni irden biz saňa täze nomer we tehniki taýdan guratlyk hakyndaky şahadatnamany hem täzeden ýazyp bereris’ diýýärler” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bu ýagdaýy başdan geçiren ençeme adama salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň jogapkär resmileri munuň sebäpleri barada jikme-jik maglumat bermän, munuň dil üsti bilen “ýokardan berlen görkezmedigini” aýtmak bilen çäklenýärler.

Emma şol bir wagtda, Azatlygyň ýerli çeşmesi bilen söhbetdeş bolan käbir polisiýa işgärleri we ýaşaýjylar bu görkezmäniň ähli awtoulag eýelerinden deň derejede talap edilmeýändigine ünsi çekýärler.

“Gurply ýa-da ýokary wezipelerde tanyş-bilşi bolan adamlar para berip, dogan-garyndaşyna telefon arkaly haýbat atdyryp, ýene öz maşyn nomerlerini alyp galýarlar. Ýöne bu ýagdaý ýene garyp, ýönekeý halka täsir ýetirýär. Şu wagt ‘owadan nomerini’ çalyşmaga mejbur bolýanlaryň tas ählisi diýen ýaly, ýokarda tanyş-bilşi bolmadyk raýatlar” diýip, adynyň agzalmazlygyny soran Çoganlydaky Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň edara resmileriniň biri gürrüň berdi.

Ýokarda gürrüňi edilýän täze talap we onuň sebäpleri barada ne türkmen resmileri, ne-de media serişdeleri tarapyndan ilat köpçüligine maglumat ýa-da düşündiriş berilýär.

Belläp geçsek, bu türkmen häkimiýetleriniň ýollary, özleriniň kesgitlän talaplaryna laýyk gelmeýän, ulaglardan ‘arassalamak’ boýunça geçirýän çäreleriniň iň soňkusydyr.

Mundan 10 gün çemesi ozal türkmen häkimiýetleri Aşgabadyň tölegli awtoduralgalarynda sähel könelişen, ýagny motoryndan ýag damýan awtoulaglary goýmagy gadagan etdi. Ýatlap geçsek, häzir paýtagtda ulaglary tölegli awtoduralgalardan başga ýerde goýmaga rugsat berilmeýär.

Dekabr aýynyň aýagynda we ýanwar aýynyň başynda paýtagtda we ýurduň ençeme welaýatynda gara ýa-da garamtyl reňkdäki awtoulaglary sürmäge gadaganlyk girizildi. Bu bolsa, ýerli ussahanalaryň öňünde uzyn nobatlaryň döremegine we maşyn reňkletmegiň bahasynyň birden ençeme esse ýokary galmagyna getirdi.

Mundanam başga, 2016-njy ýylyň martynda, Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň girizen düzgünlerine laýyklykda, öndürilenine 4 ýyl bolan maşyn ýurda getirlende, oňa gümrük bahasynyň 50%-i, ýaşy 3 ýyl bolan maşyna bahasynyň 40%-i we öndürilenine iki ýyl dolan maşyna bolsa gümrük bahasynyň 25%-i möçberinde salgyt salnyp başlandy.

2014-nji ýylda ulaglaryň, hatda öndürijiniň özüniň ýerleşdiren, gara reňkli aýnalary, gara diskleri, spoýlerleri mejbury ýagdaýda aýryldylan bolsa, 2015-nji ýylda gara reňkli we airbagsyz, ýagny howpsuzlyk ýassygy (janýassygy – red.) bolmadyk awtoulaglary ýurda goýbermek gadagan edildi.

XS
SM
MD
LG