Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidentiniň Balkan welaýatyna sapary başlandy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidentiniň Balkan welaýatyna sapary başlandy.

29-njy ýanwarda TDH döwlet habar agentligi Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenbaşy şäheriniň Halkara aeroportunda “resmi adamlaryň” garşylandygyny mälim etdi. Resmi maglumatda “bu ýerde hormatly prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň häzirki döwürüň talaplaryna laýyklykda geçirilmelidigini belledi” diýlip, habar berildi.

Resmi medianyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow aeroportdan Hazaryň kenarynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrapdyr.

Prezidentiň Balkan welaýatynda bu saparynyň gün tertibi we maksady barada resmi maglumat berilmedi.

Ýanwar aýynyň ortalaryndan bäri Türkmenistanyň Balkan, Mary Daşoguz we Lebap welaýatlary prezidentiň saparyna garaşyp, taýýarlyk gördi.

XS
SM
MD
LG