Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary welaýatynda ot-çöp otlap, prezidentiň saparyna garaşýarlar


Mary, ot-çöpleri otlaýan adamlar.

Indi 3-4 günden bäri Mary welaýatynyň çäginde döwlet ýolbaşçysynyň Mara saparyna garaşylmagy bilen bagly, uly taýýarlyk görülýändigi aýdylýar.

Beýleki çäreler bilen bir hatarda bu taýýarlyk esasan arassaçylyk işlerini-de öz içine alýar diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýarlar.

Welaýatyň has uly wezipeli resmileriniň gözegçiliginde, prezidentiň geçäýjek ugurlary diýilýän ýerlerde arassaçylyk işleri geçirilýär. Bu işe kärendeçiler bilen birlikde etraplaryň kommunal kärhanasynyň işgärleri hem-de beýleki edara-kärhanalaryň işgärleri çekilýär.

Işgärler öz iş orunlaryny taşlap, uzakly güni meýdanlarda, ýaplaryň boýlarynda, kärende ýerleriniň gyralarynda hapa-haşal otlary çapyp, olary otlap, arassaçylyk işleri bilen meşgul bolýarlar.

“Edara-kärhanalaryň köpüsinde işler togtady diýen ýaly, esasan hem haýsydyr bir resminama almak üçin ýolbaşçylaryň goly hem edaranyň möhüri gerek bolsa, ýolbaşçylary iş ýerinde tapyp bolmaýar. Bu bolsa ýönekeý halk üçin kynçylyk döredýär. Sebäbi arassaçylyk işlerine gatnaşýanlardan olara gözegçilik edýän resmiler has köpräk” diýip, bir ýaşaýjy aýdýar.

Mary, Murgap we Ýolöten etraplarynyň çäginde ýol ýakalarynda ýakylýan ot-çöpleriň asmana galýan gara hem goýy tüssesinden ýaňa, magistral ýoldan geçýänleriň demi tutulýar. Döwlet ýolbaşçysy welaýata geljekmiş diýen habar ýaýrasa, meýdanlaryň ot-çöplerini arassalamaga girişýärler. Başga wagt bolsa bu zatlar olaryň gözüne ilenok. Her etrap öz çägine wagtynda gözegçilik edip, ýol ýakalaryny hapa-haşal otdan arassalap dursalar, onda adam baryny işden goýup, töwerek-daşy tüsseden dolduryp ýörmeseler-de bolardy” diýip, bir sürüji aýdýar.

Göz üçin edilýän bu işleriň fonunda, welaýatdyr etrap merkezleriniň, şäherleriň köçeleriniň abatlaşdyrylmaýandygyna hem ýaşaýjylar ünsi çekýärler.

Ýolöten şäheriniň ýekeje-de abat köçesiniň ýokdugyny, şäheriň köçeleriniň azyndan 3 ýyl bäri yşyklandyrylmaýandygyny, şäherde hem etrabyň çäginde ilata arassa agyz suwunyň berilmeýändigini, işsiz hem aýlyk-günlüksiz ilatyň arassa içimlik suwy satyn almaga mümkinçiliginiň ýokdugyny ýaşaýjylardan eşitse bolýar.

“5 ýyl mundan ozal Ýolöten şäheriniň köçelerini gazyp, agyz suwy üçin turbalar geçirildi. Emma kranlardan gelýän suw bulançak hem şor. Gazylan köçelerimizem gaýtadan asfaltlanman, çarkandaklygyna galdy. Etrap ýolbaşçylary bu kemçilikleri düzetmek barda alada etmeýärler.

Diňe döwlet ýolbaşçysy geljek diýilse, meýdanlary ot-çöpden arassalamaga ylgaýarlar. Döwlet ýolbaşçysy welaýata gelende, ýönekeý halky diňlesedi, ilaty köseýän kemçilikleri aýtmaga bir pursat berilsedi” diýip, ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG