Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Balkana sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. (Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň resmi websaýtyndan alnan surat)

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen ýurduň günbatar welaýaty Balkana bardy.

Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenbaşy şäheriniň halkara aeroportynda Berdimuhamedowy “resmi adamlar” garşyladylar.

“Bu ýerde türkmen lideri welaýatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda geçirilmelidigini belledi” diýlip, habarda soňra Berdimuhamedowyň Hazaryň kenarynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrandygy aýdylýar.

Türkmen prezidentiniň Balkan welaýatyna edýän saparynyň näçe gün dowam etjekdigi we nirelere baryp görjekdigi, şeýle-de, saparyň dowamynda nähili meselelere garaljakdygy barada häzirlikçe jikme-jik maglumat berilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan balkanly ýaşaýjylaryň we döwlet edaralarynda jogapkär wezipelerde işleýän käbir balkanlylaryň aýtmagyna görä, bu saparyň dowamynda prezidentiň Türkmenbaşyda gurulýan deňiz portunyň gurluşygyna baryp görmegine taýýarlyk görülýär.

Şeýle-de, prezidentiň Gyýanlydaky polietilen öndüriljek zawodyň gurluşyk işlerini hem baryp görmegine garaşylýandygyny, ýöne bular barada resmi bildiriş edilmändigini Azatlygyň ýerli çeşmeleri aýdýarlar.

“Şeýle ýagdaýy bellemek gerek. Käwagty prezident geljek diýlip, öňünden bir ýa-da bir ýarym aýlap taýynlyk görlen ýerlere-de soňundan prezidentiň barmaýan halaty hem bolýar” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Prezidentiň bu welaýata edýän öňki saparlarynda bolşy ýaly, Türkmenbaşynyň şäher içi we şähere gelýän köçeleriniň ýapylandygyny, munuň netijesinde şäheriň dürli etrapdyr obalaryndan gelýän ýolagçylaryň ençeme sagatlap şähere girip bilmändigini, balkanly ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Türkmenbaşy şäheriniň günorta-günbatar tarapynda awtoduralga bar. Prezidentiň gelmeginden 1-2 sagat öň şol awtoduralgalardaky maşynlara çykmaga-da, şol awtoduralga şäheriň başga ýerinden ulaglaryň gelmegine-de rugsat etmändirler. Onsoň 3000-3500 awtoulaga niýetlenen duralgadaky ulaglar ortaça 4 sagatlap hereketsiz durdy diýip, telefon arkaly gürrüňdeş bolan ýaşaýjylar gürrüň berýärler” diýip, Bugaýew aýtdy.

Ýatlap geçsek, Berdimuhamedowyň bu saparynyň öňýanynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde köçeleri köpçülikleýin arassalamak we jaýlardan çanak antennalary gyssagly söküp aýyrmak çäreleriniň geçirilýändigi barada habarlar peýda bolupdy.

19-njy ýanwarda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna etjek saparynyň öňýanynda çanak antennalaryň diňe prezidentiň ulag kerweniniň geçjek köçelerinden däl, eýse şäheriň ähli jaýlaryndan sökülip aýyrdylýandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Balkandaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Berdimuhamedowyň Türkmenbaşa barmazyndan 15 gün çemesi öň welaýatyň beýleki etraplaryndaky Jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleriniň onlarçasy şähere getirilip, olar köçeleriň arassaçylygyna serenjam berdiler.

“Etraplardan getirilýän Jemagat hojalygy işgärleri ikä bölünip, olaryň ýarysy Balkanabadyň köçelerini arassalamak, otlary çapmak ýaly işler bilen meşgullanýar, beýlekilerem Türkmenbaşy şäheri bilen gyzyklanýarlar” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Berdimuhamedow soňky gezek Balkan welaýatynda geçen ýylyň 12-nji oktýabrynda iş saparynda bolupdy. Şonda türkmen lideri “Awaza” serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşypdy we Balkanda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçiripdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG