Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Kongresiň öňünde çykyş etdi


Tramp Kongresiň öňünde çykyş etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:34 0:00

Tramp Kongresiň öňünde çykyş etdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýa we Russiýa “garşy durmalydygyny” aýdyp, bu ýurtlary Birleşen Ştatlaryň bäsdeşleri diýip atlandyrdy.

Prezident Tramp bu barada 30-njy ýanwarda ABŞ-nyň Kongresiniň bilelikdäki sessiýasynyň dowamynda çykyş etdi.

Trampyň 80 minut töweregi dowam eden çykyşynyň dowamynda, esasan, ýurduň içerki syýasaty barada gürrüň gitdi. Şeýle hem ol ABŞ-nyň daşary syýasatynyň käbir esasy nokatlarynyň üstünde hem durup geçdi.

​Ol “ýurduň bähbitlerine, ykdysadyýetine we gymmatlyklaryna garşylyk görkezýän kezzap režimlerine, terroristik toparlaryna we Hytaý hem Russiýa ýaly bäsdeşlerine” garşy durmaga çagyrdy.

“Bu howplara garşy durulmasa, bu gowşaklygyň hökmany ýagdaýda konflikte alyp barjakdygyny bilýäris. Görlüp-eşidilmedik güýç – biziň goranyşymyzyň ikuçsuz manysydyr” diýip, ol belledi.

Tramp ýakynda Eýranda häkimiýet başyndaky režime bolan protestlerden hem söz açdy.

“Haçan-da, Eýranyň halky parahor diktatorçylygyň jenaýatlaryna garşy aýaga galanda, men dymyp oturmadym. Amerika azatlyk ugrunda göreşýän Eýranyň halkynyň ýanyndadyr” diýip, Tramp belledi.

Şeýle-de, Tramp Kongrese ýüzlenip, 2015-nji ýylda Eýran bilen – Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmeginiň öwezine, Günbataryň girizen sanksiýalarynyň ýatyrylmagy baradaky – baglaşylan ylalaşyga täzeden garamaga mümkinçilik berjek kanunçylygy kabul etmäge çagyrdy. Tramp we Respublikan partiýanyň köp agzalary prezident Barak Obama döwründe baglaşylan bu ylalaşygy tankytlapdylar.

Tramp Demirgazyk Koreýanyň ýadro raketalary baradaky “ymtylmalarynyň” golaýda ABŞ-a howp abandyryp biljekdigini hem aýtdy.

Tramp Phenýany “zalym diktatorlyk” atlandyryp, ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa we onuň ýadro ymtylmalaryna garşy “basyş” kampaniýasyny başladýandygyny hem sözüne goşdy.

Şeýle-de, Tramp ABŞ-nyň Guantanamodaky ýokary derejeli howpsuzlyk harby tussaghanasyny saklamak baradaky buýruga gol goýandygyny hem mälim etdi.

“Geçmişde biz samsyklyk edip, ýüzlerçe howply terroristleri azatlyga çykardyk. Netijede, olara, şol sanda “Yslam döwleti” toparynyň lideri al-Bagdada hem söweş meýdanynda täzeden duşmaly bolduk” diýip, Tramp nygtady.

Al-Bagdadi ABŞ-nyň güýçleri tarapyndan Yrakda, Bagdadyň golaýynda ele salnypdy. 2004-nji ýylda ol Yrak resmilerine gowşurylyp, ençeme wagtdan soň bolsa, azatlyga goýberildi.

“Men sekretar Mattise biziň harby tussaghana syýasatymyzy seljermäge mümkinçilik berjek we Guantanamodaky tussaghanany açyk saklajak buýruga gol çekdim” diýip, Tramp çykyş etdi.

Mundan owal, Obama tussaghanany ýapmak barada karary kabul etse-de, ol kanunçykaryjylaryň garşy çykmagy netijesinde amala aşmandy.

Guantanamodaky tussaghana 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky terroristik hüjüminden soň, güman edilýän jeňçileri saklamak we sorag etmek üçin, prezident Jorj Buş tarapyndan açylypdy.

2003-nji ýylda ol ýerde 680 tussag bardy. Olaryň 500-e golaýy Buş administrasiýasy we 197-si Obamanyň sekiz ýyllyk prezidentlik döwründe boşadylypdy. Häzir tussaghanada 41 adam saklanýar.

Trampyň Kongresdäki eden çykyşy onuň Ak Tamdaky bir ýylyny jemledi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG