Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sowuk howada tok, gaz kesilýär; adamlar odun ýakyp ýylynýarlar


​​“Howanyň sowamagy bilen, onsuz hem kadaly işlemeýän, gaz we elektrik üpjünçiligi gaty peseldi".
​​“Howanyň sowamagy bilen, onsuz hem kadaly işlemeýän, gaz we elektrik üpjünçiligi gaty peseldi".

Türkmenistana aýazly howanyň birden gelmegi bilen ýurduň dürli sebitlerinde, hususan-da, Daşoguz welaýatynda ýaşaýjylar we hojalyklar dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular; mekdeplerde kiçi klas okuwçylarynyň sapaklary ýatyryldy.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmeleriniň beren maglumatyna görä, bu günler ýurduň demirgazyk welaýatynda howanyň sowuklygy gijelerine -20 gradusa çenli baryp ýetýär.

“Howa juda sowuk, üstesine-de gurak ýel öwüsýär. Käbir hojalyklarda horrak mallar sowukdan öldüler. Kranlarda suwuň doňmagy zerarly, mallary suwa ýakmak hem kynlaşdy. Suwsuz maly sowuk urýar. Çopanlar, alaçsyz, zeýkeşiň çuňrak ýerinden buzlary döwüp, mallaryny suwa ýakýarlar. Mundan soň mallar bagrygurt keseline duçar bolýar. Ýene goşmaça pul çykaryp, sanjym etmeli bolýar” diýip, boldumsazly ýaşaýjylaryň biri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Daşogzuň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem mallaryň sowuk howa sebäpli köpçülikleýin ýagdaýda heläk bolýandygyna üns çekilýär.

“Çopanlar näme etjeklerini bilenoklar. Gyşky ýataklaryň içinde suw doňýar. Owlakdyr guzular idege çykman, haram ölýärler” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran çopanlaryň biri maglumat berdi.

Aýazly howa gök-önüm söwdasy bilen meşgullanýanlara hem maddy zyýan ýetirdi. Satyjylar bazara çykaran gök önümleriniň doňup, isrip bolýandygyny aýdýarlar.

“[Bazara çykaran gök önümlerimizi] mata bilen örtüp goýsagam, olar doňup galýar. Uly zyýana galdyk” diýip, özüni Rustam diýip, tanyşdyran söwdegärleriň biri gürrüň berdi.

Bu aralykda, aýazly howada Daşogzuň kommunal hyzmatlarynda hem bökdençlikler döräp başlady.

“Howanyň sowamagy bilen, onsuz hem kadaly işlemeýän, gaz we elektrik üpjünçiligi gaty peseldi. Soňky üç günüň dowamynda, elektrik togy iň azyndan 20 gezek dagy kesilendir. Adamlar indi öýlerinde odun ýakyp, ýylynjak bolýarlar” diýip, boldumsazly ýaşaýjy belledi.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň maglumatyna görä, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 1-5-nji klas okuwçylaryna howa maýlaýança mekdeplere gelmezlik tabşyrylypdyr.

Galyberse-de, aýazly howada Daşoguzdaky ýaly ýagdaýlary ýurduň beýleki künjeklerinde hem synlasa bolýandygyny, bu sebitleriň ýaşaýjylary gürrüň berýärler. Emma döwlet mediasynda häzirki güne çenli ilatyň sowuk howa şertlerinde ýüzbe-ýüz bolýan güzaplary barada, kelam agyz söz aýdylmaýar.

Şeýle-de, gyşyň başynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowuk howa şertlerine ähli taýýarlyklaryň görülmelidigi baradaky tabşyrygyna garamazdan, häzirki aýazly howada, ýokarda beýan edilen – gazyň, toguň kesilmegi, mallaryň haram ölmegi ýaly ýagdaýlar ýüz berýär.

XS
SM
MD
LG