Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen akrobaty Parahat Orazlyýew Döwlet sirkiniň arenasynda wepat boldy


Türkmenistanyň “Gündogar ýyldyzlary” sirk oýunlary milli toparynyň artisti, talantly howa gimnastikaçysy Parahat Orazlyýew tragiki ýagdaýda aradan çykdy. “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiri bu maglumatyň özlerine 29-njy ýanwarda gowşandygyny habar berýär.

Şaýatlaryň sözlerine görä, betbagçylyk sirkiň arenasynda, artistiň nobatdaky çykyşy mahalynda, köp sanly tomaşaçylaryň gözleriniň alnynda bolup geçdi. Goşmaça ätiýaçlyk çäreleri görülmezden mata polotnolarda amala aşyrylýan howply oýun mahalynda sirkiň gümmeziniň aşagyndaky petle çat açdy we Parahat ýokardan ýere gaçyp öldi diýip, habarda aýdylýar.

Parahat Orazlyýew geçen ýyl Astanada, 2-6-njy iýul aralygynda geçirilen Х Halkara festiwalynda altyn baýraga mynasyp boldy. Türkmen metbugaty şonda oňa Altyn kubok bilen birinji ýeriň berlendigini, şeýle-de Belarus döwlet sirkiniň ýörite baýragynyň gowşurylandygyny habar berdi.

1988-nji ýylda doglan Parahat awgustda 30 ýaşamalydy, ol sport gimnastikasy boýunça sport ussadydy.

Çagalykda sport bilen birlikde tansam edýärdim - 10 ýyllap Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň toparynda çykyş etdim” diýip, ol türkmen mediasy bilen söhbetdeşlikde gürrüň beripdi.

Geljekki ussat Türkmen döwlet medeniýet institutynyň estrada-sirk oýunlary fakultetini tamamlady we “Näme üçin akrobatlykdan howa gimnastlygyna geçdiňiz?” diýen soraga “Men tansam, akrobatikanam gowy görýän, emma kämilleşesim gelýärdi, şonuň üçinem howa gimnastikasyny saýladym” diýip jogap beripdi.

Türkmen mediasy garaşsyzlyk baýramyndan öň prezidentiň altyn zynjyryna we pul sylagyna mynasyp bolan Parahat Orazlyýewiň pajygaly ölümi hakynda hiç bir maglumat çap etmedi. Onuň yzynda üç ýaşly ogly we aýaly galdy.

Türkmenistanlylar sirk sungatynda başda doganlar Annaýewleriň at üstünde ýerine ýetirýän howply oýunlary bilen tanaldylar we Aşgabatda on ýyldan gowrak gurlan döwlet sirkiniň binasynyň ahyry 1980-nji ýyllaryň ortasynda açylmagy köp çagaly türkmen maşgalalary üçin uly şatlyk getirdi. Sebäbi şondan öň türkmenistanlylar Orsýetden we beýleki respublikalardan gelýän sirk toparlarynyň oýunlaryna göçme arenada tomaşa ederdiler.

Emma olar Aşgabatda gurlan uly sirk jaýynyň hözirini uzak görüp bilmediler, sebäbi prezident Saparmyrat Nyýazow 1990-njy ýyllaryň ortasynda, “türkmen milli däp-dessurlaryna o diýen gabat gelmeýär” diýip, Türkmen döwlet sirkini ýapdyrdy.

Gepiň gerdişine aýdylsa, S.Nyýazow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny hem ýapdyrypdy.

Türkmen sirkiniň ikinji ömri, Ylymlar akademiýasynyňky ýaly, Nyýazowyň ölüminden soň, G.Berdimuhamedowyň prezident bolmagy bilen başlandy. Bu ýagdaý Parahat Orazlyýew ýaly ýaş we ussat sirk artistleriniň kemala gelmegine ýol açdy.

Emma Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan aşgabatlylar türkmen sirk toparynyň taýýarlaýan programmalarynyň, aýdaly, Moskwa sirki bilen deňeşdirilende, döredijilik taýdan erkin däldigini aýdýarlar.

“Ynha, ýylda bir gezek öz programmalary bilen halka hezil berýän sirk öz işini tamamlap ýola düşer. Ondan soňra indiki ýylyň şu wagtlaryna çenli sirkiň gapysy ýa açylar, ýa açylmaz. Açylaýan-da hem ol ýerde tomaşaçylara hezil berjek programmalar bolmaz. Oňa geljeklerem mejbury tomaşaçylar bolar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy dekabryň ortasyndan ýanwaryň ortasyna çenli Aşgabatda bolan Moskwa sirkiniň programmalaryndan hoşallygyny paýlaşanda aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG