Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy ‘wezipeden boşadyldy’


Rustam Inoýatow

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew häkimiýetiň içinde garşydaş gözi bilen seredilýän we uzak wagtdan bäri ýurduň Milli howpsuzlyk gullugyna ýolbaşçylyk edýän Rustam Inoýatowy wezipeden boşatdy diýip, iki ýokary wezipeli hökümet resmisi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Mirziýoýewiň 31-nji ýanwarda Baş prokuraturanyň hem-de Milli howpsuzlyk gullugynyň ýygnagynda 23 ýyldan bäri ýurduň Milli howpsuzlyk gullugyna ýolbaşçylyk edýän 73 ýaşly Rustam Inoýatowy wezipeden boşadyp, onuň ornuna Ihtiýor Abdullaýewi belländigini resmiler aýtdy.

Resmileriň sözüne görä, ýurduň ozaky awtoritar prezidenti Yslam Kerimowyň 2016-njy ýylda aradan çykmagy bilen hökümet başyna geçip, dolandyryjy elitanyň düzümini giň gerimli çalşan Mirziýoýew howpsuzlyk gullugynda işleriň amal edilişini ýiti tankytlapdyr.

Resmiler gürrüňi edilýän ýagdaý boýunça çykyş etmäge ygtyýarsyz bolansoň, atlandyrylmazlyk şerti bilen habarlaşdylar.

General-maýor Inoýatow 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Kerimowyň ölüminden soň ýurtda wezipe başynda galan az sanly ýokary derejeli resmilerden biridi.

Sowet döwründäki KGB-niň mirasdüşeri bolan Milli howpsuzlyk gullugy bu Merkezi Aziýa ýurdunyň iň bir ýapyk hem-de berk kontrollykda saklanýan agentlikleriniň biri hasaplanýar.

Jemgyýetçilige çykmakdan saklanyp, köplenç kölegede galan Inoýatow Özbegistanda köpýyllaryň dowamynda iň täsirli, “demi güýçli” resmileriň hataryndady.

Çärýek asyrlap hökümet başynda galan Kerimow ölende, köpler onuň ornuna Inoýatow geçer ýa-da öz adamyny geçirer diýip pikir edipdi.

22-nji dekabrda Mirziýoýew parlamentde eden çykyşynda, Milli howpsuzlyk gullugyny we onuň ýolbaşçylaryny agyr tankytlap, bu agentlik boýunça gyssagly reformalary amala aşyrmaga çagyransoň, Inoýatowyň “bellisiniň ediljekdigi” barada gürrüňler ýaýrap başlady.

Mirziýoýew “adaty adamlaryň hukuklarynyň sistematiki häsiýetde bozulýandygyny” aýdyp, ýurduň Howpsuzlyk gullugyny, Içeri işler ministrligini we Baş prokuraturany ýiti tankytlady.

Şeýle-de, Mirziýoýew eden çykyşynda reformalaryň ähmiýetini nygtap, hökümetiň alyp barýan işleriniň hökmany suratda demokratik ýörelgelere esaslanmalydygyny aýtdy.

Kerimow döwründe Özbegistan bilen Günbatar ýurtlarynyň hem-de goňşy döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar ýaramazlaşypdy. Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Kerimowyň hökümetini adam hukuklaryny gözgyny ýagdaýda yzygiderli bozmakda aýyplaýardy.

Hukuk goraýjy aktiwistleriň syýasy matlaplar bilen tussag edildi diýýän žurnalistleriniň we syýasatçylarynyň birnäçesi soňky aýlarda türmeden boşadyldy

Oktýabr aýynda “Human Rights Watch” guramasy Mirziýoýewiň hökümet başyndaky ilkinji ýylynda özbek häkimiýetleriň “käbir oňyn çereleri” görendigini aýtdy we ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin “durnukly” çäreleri durmuşa geçirmäge çagyrdy.

Haçan-da, Mirziýoýew şu aý Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň daşary ýurtlardaky özbek ilçihanalaryndan aýrylmalydygyny talap edip, ilçileriň yzarlanmaly däldigini, olaryň prezidentiň daşary ýurtlardaky wekilleridigini aýdansoň, Inoýatowyň wezipeden boşadyljakdygy baradaky myş-myşlar çynyrgap başlady.

Inoýatowyň ornuna bellenen 51 ýaşly Abdullaýew mundan ozal baş prokuror wezipesinde işleýärdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG