Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ahal" ýagynyň problemasy artýar


"Ahal" ýagy

2018-nji ýyla geçip, döwlete degişli dükanlarda Ahal ýagynyň ýokarlandyrlan bahadan satuwda tapdyrýandygy aýdylypdy. Ýöne munuň bilen Ahal ýagy baradaky problemalaryň aradan aýrylmaýandygyny ýaşaýjylardan eşitmek bolýar.

“Ozal bahasy 3,40 manat bolan 1 litrlik Ahal ýagy bir manat ýokarlandyrlyp, 4,40 manatdan satuwa çykarlanda, Aşgabadyň döwlete degişli azyk dükanlarynyň satyjylary Ahal ýagyny bir ele bir gapdan berýärler. Uly maşgala bolamyzsoň, çagalary hem ýanymyz bilen alyp baryp, 3-4 gap almakçy bolanymyzda, çagalara Ahal ýagynyň berilmeýändigini aýtdylar.

Indi Türkmenistanyň azyk senagaty assosiasiýasynyň Aşgabat şäherindäki Balkan atly dükanynda, Ahal ýagynyň gapdaly bilen 0,5 litrlik Bonagua atlandyrylýan bahasy 1,20 manat bolan agyz suwuny goşup berýärler. Öz islegim bilen men ýarym litr suwa 1,20 manat derek däl, sebäbi 19 litrlik Arçalyk atlandyrylýan arassa agyz suwunyň bir gabyny biz 6 manada alýarys. Şonda her ýarym litr suwuň 20 teňňeden hem bäri düşýär. Arçalyk suwy hem biziň maşgalamyzy kanagatlandyrýar” diýip, Aşgabadyň bir ýaşaýjysy aýdýar.

Ozal bahasy 3,40 manat bolan 1 litrlik ‘Akpamyk’, ‘Türkmenabat’ atlandyrylýan ýaglaryň hem häzirki wagtda bahasynyň 4 manada çenli ýokarlanandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar. Ýöne ol ýaglara ýaşaýjylaryň isleginiň azdygy aýdylýar.

Her ýylda boluşy ýaly, ýanwar aýyndan aýlyklaryň, pensiýalaryň we kömek pullarynyň 10 göterim ýokarlandyrylandygy Türkmenistanda önüm öndürmegiň göz öňünde tutulan möçberleriniň artygy bilen ýerine ýetirlip, azyk bolçulygnyň döredilendigi baradaky hasabatlar 26-njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdyldy.

Emma azyk önümleriniň bahalarynyň birnäçe esse ýokarlanyp gidendigi, ilatyň sarp ediş korzinasynyň berilýän pensiýalar, kömek pullary bilen aýakdaş gitmeýändigi, ýönekeý halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha kynlaşýandygy barada ýekeje resmi hem gürrüň etmedi diýip, ýaşaýjylar öz nägileliklerini paýlaşýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG