Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iým ýetmezçiligi – mallaryň baş sanynyň azalmagyna getirýär


"Iým ýetmezçiligi zerarly mallaryndan dynmak isleýän hojalyklaryň sany artdy".
"Iým ýetmezçiligi zerarly mallaryndan dynmak isleýän hojalyklaryň sany artdy".

Türkmenistanda mal iýmitleri bolan kepegiň, künjaranyň we sarunyň bahalarynyň ýokarlanmagy mal saklaýan hojalyklara-da, döwlete degişli maldarçylyk hojalyklaryna-da öz ýaramaz täsirini ýetirendigi aýdylýar.

Gyşyň şu sowuk günlerinde iým ýetmezçiliginden mallar juda horlanýar diýip, özüni Oraz diýip tanyşdyran Serhetabat etrabynyň Ýeňiş daýhan birleşigniň ýaşaýjysy aýdýar.

“Owlak-guzy kompaniýasyndan heniz irräk bolsa-da, mallaryň guzy getirip başlanlary bar. Guzulan mallara iým tapylmaýar. Netijede, olar çagasyny ekläp bilmeýärler. Guzulan goýunlaryň tapsyz düşenleri ölýärler. Enesinden aýrylan ýa-da enesinde süýt bolmansoň, aç ölýän guzularam bar diýip. Hojalygynda süýtli sygry barlylar guzulary açlykdan çykarmak üçin, sygyr süýdüni berýärler. Häzir obalarda süýt-gatyk önümleri gytalýar. Häzir süýdüňem, süzmäniňem bahalary gymmatlaýar” diýip, Oraz aýdýar.

Kaka etrabynyň ýaşaýjysy Wepanyň sözüne görä, iým ýetmezçiligi zerarly mallaryndan dynmak isleýän hojalyklaryň sany artypdyr. “Oba ýaşaýjylary mallaryny satmaga howlugýarlar. Sebäbi gün geçdigiçe mal horlanyp, agramyny ýitirýärler. Mal satyn almaga adam tapylsa begenip, soralan baha mallaryny satýanlar köpeldi. Ozal 400-500 manat aralygyna berilýän abat mallary şu günler 250-300 manada satyn alyp bolýar” diýip, Wepa aýdýar.

Süýt-gatyk önümleriniň ähli görnüşiniň gymmatlandygy ýaşaýjylar aýdýarlar. Aşgabadyň bazarlarynda kä gün süzmäniň tapdyrmaýan günleri hem bolýar. Ozal kilosy 10 manatlyk süzmeler häzir paýtagt bazarlarynda 12 manada çenli ýokarlanandygyny, onuň käbir görnüşiniň 14 manada ýetendigini hem görse bolýar.

Mal iýminiň gytalmagynyň hem bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde, mal etleri hem ýokarlanýar. Ozal paýa girip, ogşuk etiniň her kilosyny 13-14 manatdan satyn alýan ýaşaýjylar şu günler ogşuk etiniň kilosynyň 17 manatdan, paýa gireniňde sygyr etini 22 manatdan satyn alyp bolýandygyny aýdýarlar.

Edil şu günki gün mal etleri az-owlak gymmatlasa-da beýleki harytlaryň bahalarynyň ösüşine garanynda, etiň bahasy bilen oňuşsa boljakdygyny aýdýarlar. Ýöne mallaryň häzirki azalyşy bilen ýene-de ýarym ýa-da bir ýyldan, olaryň baş sanynyň azalyp, mal etiniň aşa gymmatlamagyndan howatyr edýändiklerini aýdýan ýaşaýjylaram bar.

XS
SM
MD
LG