Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phenýan Günorta Koreýada geçiriljek Gyşky olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda harby ýöriş geçirdi


Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýada geçiriljek Gyşky olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda harby ýöriş geçirdi

Demirgazyk Koreýa goňşy Günorta Koreýada geçiriljek Gyşky olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda paýtagty Phenýanda harby ýöriş geçirdi we özüniň kontinentara ballistik raketalaryny köpçülige görkezdi.

Phenýan 2017-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen harby paraddan tapawutlylykda 8-nji fewralda geçiren çäresini şu gezek döwlet telewideniýesinde göni efirde görkezmedi. Demirgazyk Koreýa bu harby ýörişiň ýurduň ýaragly güýçleriniň 70-nji ýyl dönümine gabat geçirilendigini aýtdy.

Dmirgazyk Koreýa gyşky olimpiýa oýunlaryna 22 sany sportsmenini we 400-den gowrak aýdymçysyny, söweş sungaty boýunça ussatlaryny we janköýerlerini iberdi.

Kimiň kiçi aýal doganyKim Yo Jong hem Günorta Koreýanyň Pýongçang şäherinde geçiriljek Gyşky olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. 9-njy dekabrda geçiriljek dabara ABŞ-nyň wise-prezidenti Mike Pense hem gatnaşar.

XS
SM
MD
LG