Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetlileriň Gyşky Olimpiýada gadaganlygy güýjünde galýar


“Orsýetli atletler we trenerler tarapyndan berlen arzalar ret edildi” diýip, halkara arbitraž kazyýeti aýtdy.

Orsýetli kyrk bäş atlet bilen iki treneriň sport baradaky ýokary kazyýete beren arzasy ret edildi. Olar indi Günorta Koreýanyň Pýongçang şäherinde geçjek Gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp bilmeýärler

“Orsýetli atletler we trenerler tarapyndan berlen arzalar ret edildi” diýlip, Sport boýunça halkara arbitraž kazyýetiniň 9-njy fewralda çykaran beýannamasynda aýdylýar.

Arzalaryň ret edilmeginiň sebäbi, ýokary kazyýetiň bellemegine görä, atletleriň prosesiň “kemsidiji, eden-etdilikli ýa adalatsyz ýagdaýda alnyp barlandygyny” subut etmändigi.

Kazyýetiň karary 9-nji fewralda başlanjak oýunlaryň açylyş dabarasyna sanlyjy sagat galanda mälim edildi.

Dekabr aýynda Halkara olimpiýa komiteti2014-nji ýylda Soçide olimpiýanyň anti-doping düzgüniniň döwlet tarapyndan “ozal görlüp-eşidilmedik derejede sistemalaýyn manipulýasiýa edilmegine” salgylanyp, Orsýete Gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy gadagan edipdi.

Sport boýunça halkara arbitraž kazyýetiniň çykaran kararyndan soňra Halkara olimpiýa komiteti “biz bu karary gutlaýarys. Ol dopinge garşy göreşi goldap, sportçylara aýdyňlyk getirýär” diýdi.

“Karar mundan başgaça bolup biljek däldi. Bozulma bolupmy ýa bolmanmy tapawuty ýok, talap edilýän formula garşy çykmak gaty kyn.Aslynda, proseduranyň özi aýdyň däl, janköýerleriň pikiriçe, ol guramanyň abraýyna goşant goşanok” diýip, Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Witaliý Mutko aýtdy.

Halkara olimpiýa komiteti seresaplylyk bilen barlagdan geçirilen 169 sany orsýetli sportçyny ýaryşa çagyranyndan soňra Sport boýunça halkara arbitraž kazyýeti orsýetli sportçylaryň arzalaryna garady.

Kazyýet 169 sportçynyň arasynda bolmadyk 28 atletiň arzasyny, olar barada ýetirlik subutnama ýok diýip tassyklady. Ýöne Halkara olimpiýa komiteti subutnama bar diýip, sport kazyýetini tankytlap, bu sportçylary çagyrmakdan boýun gaçyrdy.

Sport boýunça arbitraž kazyýeti 9-njy fewralda alty sany orsýetli başga atletiň arzasynyň kazyýetiň olaryň işine garamaga ýuridiki taýdan hukugy ýok diýip ret etdi.

‘Gowy habar’

“Sport boýunça arbitraž kazyýetiniň karary bizi lapykeç etdi, biz munda syýasy sebäbiň bardygyny görýäris, gowy zada garaşypdyk, ýöne berlen şu boldy” diýip, Orsýetiň bobsleý guramasynyň başlygy Sergei Parhomenko TASS döwlet habar gullugyna beren interwiýusynda aýtdy.

Orsýetlilere Olimpiýa oýunlaryna ýol berilmezligini iň azynda iki sany amerikaly sportçy gutlady, ýöne olar umumy problema adamlaryň ünsüni sowmak diýip garaýarlar.

Birleşen Ştatlaryň skeleton weterany Jon Dali orsýetlileriň ýaryşa gatnaşmazlygy bilen özüniň ylalaşýandygyny aýdyp, dört ýyllyk dessan “bütinleý gülkünçdi” diýdi.

Amerikanyň skeleton boýunça aýallar toparynyň agzasy Soçide orsýetli Ýelena Nikitinadan soňra dördünji bolup, bürünç medal alan Kati Uhlaende hem AP habar gullugyna orsýetlileriň arzalarynyň ret edilmegi “gowy habar” diýdi.

Nikitina gadagançylygy ýatyrylmadyk 45 sportçyny biri. Oňa indi ýaryşa gatnaşmaga ýol berilmez.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG