Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýada 23-nji Gyşky olimpiada başlanýar, oňa türkmen türgenleri gatnaşmaýar


23-nji Gyşky olimpia oýunlarynyň açylyş dabarasy, Phýongçhang, 9-njy fewral, 2018.

Şu gün, ýagny 9-njy fewralda Günorta Koreýada Gyşky Olimpiýa oýunlary dabaraly ýagdaýda açylýar. Gyşky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň sportsmenleri gatnaşmaýar.

Her dört ýyldan bir gezek geçirilýän Gyşky Olimpiýa oýunlary bu gezek Günorta Koreýanyň Phýongçhang şäherinde geçirilýär.

9-njy fewralda açylyş dabarasyna gatnaşýan döwletleriň toparlarynyň başynda, adatdakysy ýaly Gresiýanyň delegasiýasynyň barjakdygy aýdyldy. Günorta we Demirgazyk Koreýalaryň bilelikde çykyş etjek komandasyna aýratyn üns beriljekdigi bellenýär. Halkara Olimpiýa komiteti Demirgazyk Koreýanyň komandasynyň çykyş etmegi baradaky karary ýanwar aýynda yglan edipdi. Demirgazyk Koreýa Gyşky olimpiýa oýunlaryna 22 sportsmenini ýollady. Olar hokkeý, buzda şekilli taýmak, şort-trek, dagdan lyžaly typmak we lyžaly ýaryş ýaly sport görnüşlerinde çykyş ederler. Demirgazyk Koreýanyň ýolbaşçysy Kim Ýong Unyň uýasy Kim Yo Jongyň hem gatnaşjagy habar berildi.

Gyşky olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna 20 çemesi ýurduň döwlet we hökümet baştutanlarynyň barjagyna garaşylýandygy aýdyldy. Daşary ýurtly ýokary derejeli myhmanlaryň arasynda, ABŞ-nyň wise-prezidenti Mike Pensiň gatnaşjagy mälim edildi.

Phýongçhang şäherinde geçýän olimpiadada Orsýetiň sportsmenleri Olimpiýa oýunlarynyň baýdagy astynda çykyş ederler. Dekabrda Halkara olimpiýa komiteti Orsýetiň ýygyndy komandasynyň Gyşky olimpiada gatnaşmagyna gadagançylyk girizip, barlaglaryň Orsýetde sportsmenleriň doping ulanmagynyň döwlet tarapyndan guramalaşdyrylmagynyň subut edilendigini aýtdy. Orsýet aýyplamalary ret etdi. Sport boýunça halkara arbitraž sudy (CAS) Gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnamak mümkinçiligine eýe bolmak üçin, şikaýat bilen ýüz tutan 47 orsýetli sportsmeniň arzyny ret etdi.

9-25-nji fewral aralygynda Pýonçhanda geçiriljek 2018-nji ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynda medallaryň 102 komplekti ugrunda bäsdeşlik geçer. Dünýäniň 90 ýurdundan jemi 2500 sportsmen Olimpiadanyň 15 sport görnüşi boýunça bäsleşer. Olimpiadanyň programmasyna biatlon, bobsleý, kerling, buzda ýügürmek, dagdan lyžaly typmak, lyžaly goşa bäsdeşlik, buzda şekilli taýmak, skeleton, snoubord, gristaýl, hokkeý, sankaly sport, lyžaly tramplinden bökmek, şort-trek ýaly sportuň gyşky görnüşleri girizildi.

Türkmenistanyň sportsmenleri Gyşky Olimpiýa oýunlaryna şu çaka çenli gatnaşmaýar.

Yssy howa şertli Türkmenistanda gyşky sport görnüşlerinden hokkeýe we buzda şekilli taýmak sportuna 2000-nji ýyllaryň ortalarynda resmi derejede aýratyn üns berilip başlandy.

Milli komandalar 2006-njy ýylda Aşgabadyň Arçabil köçesinde gurlan, 1000 tomaşaça niýetlenen, il içinde “Buz köşgi” ýa-da “Hokkeý köşgi” diýlip atlandyrylýan merkezde türgenleşýärler.

Milli metbugatda Türkmenistanda hokkeý sportunyň ösýändigi, türkmen türgenleriniň köpelýändigi, olaryň daşary ýurtly, şol sanda Orsýetli, Belarusly trenerler tarapyndan taýýarlanýandygy we Gazan, Minsk şäherlerinde türgenleşýändigi habar berilýär. Döwlet telewideniýesinde ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň buzda taýýandygy hem görkezilipdi.

Aşgabatda her ýylda Türkmenistanda hokkeý boýunça milli çempionaty, şeýle-de GDA ýurtlaryň komandalarynyň halkara ýaryşlary geçirilýär.

Türkmenistanda ýurtda hokkeý boýunça 10 çemesi komanda bolup, şol sanda güýç gulluklaryna degişli toparlar bar. Iň güýçli komandalaryň arasynda Içeri işler ministrliginiň “Galkan” komandasy agzalýar.

Türkmen resmileri Türkmenistany sport boýunça dünýä derejesinde tanalýan ýurda öwürmek boýunça yglan eden maksatnamasyna garamazdan, türkmen sportsmenleri şu çaka çenli Olimpiada oýunlarynda öňe saýlanyp bilmedi. 2016-njy ýylda Braziliýanyň Rio-de Žaneýro şäherinde geçirilen soňky tomusky olimpiýa oýunlaryna Türkmenistan 9 türgen ýollady we olaryň hiç biri medal gazanmady.

Türkmenistan 2017-nji ýylda öz taryhynda ilkinji iri halkara ýaryşyny geçirdi. Aşgabatda sentýabrda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda, ýurduň öz sportsmenleriniň 245 medal, 89 – altyn, 70 – kümüş we 86 – bürünç medal alandygy habar berildi. “Aşgabat-2017” oýunlaryndan 4 aý geçensoň, baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenleriniň birnäçesiniň netijeleri ýatyrylyp, medallary alnyp, käbirlerine hatda uzak möhletli türme tussaglygy berildi. Türkmenistan bu meseläni resmi derejede kommentirlemedi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG