Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Aşgabat-2017”: Türkmen pälwanlarynyň medallary alyndy; türgenler türmä basyldy


Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş eden türkmen pälwanlary. Illýustrasiýa suraty
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş eden türkmen pälwanlary. Illýustrasiýa suraty

Geçen sentýabrda Aşgabatda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenleriniň birnäçesiniň netijeleri ýatyrylyp, medallary alnyp, käbirlerine hatda uzak ýyl türme tussaglygy berildi.

Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz ençeme çeşmesiniň tassyklamagyna görä, dopinge garşy garaşsyz komitetiniň geçiren barlagy netijesinde, göreş boýunça bäsleşen türkmen pälwanlarynyň azyndan dördüsinden gadagan edilen kuwwatlandyryjy, ýagny doping tapylypdyr.

“[Aşgabat-2017] oýunlarynyň dowamynda, türkmen pälwanlarynyň ençemesinden doping tapyldy. Olary türmä basdylar. Emma her kim [milli guşak göreşi boýunça] pälwan – Aly Allabediýew barada gürrüň edýär. Oňa 12 ýyl türme tussaglygy berildi” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurduň Içeri işler ministrligindäki bir çeşmesi gürrüň berdi.

1991-nji ýylda Balkanyň Serdar şäherinde doglan Aly Allaberdiýewiň tanyşlarynyň biriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol häkimiýetler tarapyndan edilýän basyşlara, şeýle-de şikesli eli bilen göreşmäge mejbur edilendigi üçin, gadagan serişdeleri ulanmaga mejbur bolupdyr.

“Aly ozalam halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärdi. Ol diýseň gowy türgendi. Ýöne ol [Aşgabat-2017] oýunlarynyň dowamynda, häkimiýetleriň eden basyşyna, agyr türgenleşiklere we dürli köpçülikleýin çärelere psihiki taýdan çydamady. Ýaryşyň dowamynda Alynyň çep eline şikes ýetse-de, ony göreşmäge mejbur etdiler. Ol çydaman, dopingi ulanan bolmagy mümkin” diýip, Aly Allaberdiýewiň tanyşlarynyň biri Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

Şol bir wagtda, tassyklap bolmadyk beýleki maglumatlara görä, doping serişdeleri tapylan ýene bir türkmen pälwany dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir. Emma onuň şahsyýetini häzirlikçe doly anyklamak başartmady.

Galyberse-de, “türkmen sportunyň bedew bady bilen ilerleýändigini” öňe sürýän türkmen resmileri we mediasy ýokarky ýagdaýlar dogrusynda, kelam agyz söz aýtmaýalar. Ýurduň degişli sport edaralary hem bu barada nähilidir bir kommentariýa bermekden ýüz öwürdiler.

Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Toýly Kömekow
Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Toýly Kömekow

Bu aralykda, türkmen pälwanlaryndan doping serişdeleriniň tapylandygy baradaky habarlar, ýurduň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Toýly Kömekowyň, şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy Sapardurdy Toýlyýewyň eýeleýän wezipelerinden boşadylyp, başga işe geçirilmegine gabat geldi.

Bu wakalaryň öňünden, ýagny 11-nji ýanwarda Bütindünýä Dopinge garşy agentliginiň prezidenti Kreýg Ridi prezident Berdimuhamedowa Türkmenistanyň dopinge garşy agentliginiň döredilmegi bilen baglylykda ýörite hat iberdi.

“Bütindünýä Dopinge garşy agentligi Türkmenistanyň Milli dopinge garşy göreş agentligini ösdürmekde, Türkmenistana ýardam bermäge ygrarlydyr, munuň özi milli dopingpe garşy maksatnamanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de geljekde hem türkmen türgenleriniň arassa ýeňişleri gazanmagyna mümkinçilik berer” diýip, Ridiniň hatynda aýdylýar.

Emma Bütindünýä Dopinge garşy agentliginiň prezidentiniň hatynyň we ýokary derejeli türkmen sport resmileriniň wezipelerinden boşadylmagynyň türkmen pälwanlaryndan bikanun kuwwatlandyryjylaryň tapylmagynyň arasynda nähilidir bir arabaglanyşygyň bardygyny anyklamak başartmady.

Türkmenistanyň azyndan 7 milliard dollary harçlap geçiren “Aşgabat-2017” oýunlarynda türkmen türgenleri jemi 245 medal, 89 – altyn, 70 – kümüş we 86 – bürünç medal aldy. Ýaryşlarda türkmen türgenleriniň altyn medal boýunça iň ýakyn bäsdeşi Hytaý bolup, ol iki esse az – 42 altyn medal aldy.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar bu oýunlara görülýän taýýarlyklaryň çäginde, adam hukuklarynyň depelenmegi ýaly ýagdaýlaryň hem bolandygyny nygtap geçipdiler.

Bu makala düzediş girizildi. Makalanyň ozalky görnüşinde Bütindünýä Dopinge garşy agentliginiň prezidenti Kreýg Ridiniň Türkmenistana sapar edendigi barada nädogry maglumat ulanyldy, bu ýerde gürrüň halkara guramasynyň başlygynyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen haty barada barýar.

XS
SM
MD
LG