Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen telekeçileriniň käbirine konwertasiýa gaýtadan dikeldildi


Türkmenistanyň Merkezi Banky

1-nji fewraldan başlap, Türkmenistanyň Merkezi Banky daşary ýurtlardan harytlary import edýän telekeçileriň manatlaryny dollara konwertasiýa etmek düzgünlerini gaýtadan dikeltdi diýip, “Türkmenistandan Alternatiw habarlary” neşiri habar berýär.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary hem tassyklaýarlar, ýöne olar bu ýeňilligiň diňe käbir hususy firmalar üçin dikeldilendigini belleýärler.

Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň käbir jogapkär resmileriniň Azatlygyň habarçylaryna aýtmagyna görä, şu aýyň başyndan bäri daşary ýurtlardan harytlary import edýän hususy eýeçilikdäki firmalaryň diňe käbirine türkmen manadyny dollara konwertasiýa etmäge rugsat berilýär.

“Şolaryň arasynda ‘Bereketli’, ‘Ajaýyp bina’, ‘Gül zaman’ we ‘Döwrebap gurluşyk’ diýen ýaly firmalar bar. Bulardan ‘Ajaýyp bina’ we ‘Döwrebap gurluşyk’ firmalary gurluşyk, ‘Gül zaman’ we ‘Bereketli’ firmalary bolsa daşary ýurtdan azyk harytlary getirmek bilen meşgullanýar. Ynha, şulara rugsat edilipdir” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Şeýle-de, ol adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen maglumat beren bank resmilerine salgylanyp, bu firmalara şertnamadaky puluň möçberiniň doly konwertasiýa edilip berilýändigini, ýöne çalşylýan mukdaryň 2%-niň bank hyzmatlary üçin geçirilmelidigini belledi.

Emma şol bir wagtda-da, 11-nji fewralda “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri özüniň ýurduň telekeçilik ulgamyndaky çeşmesine salgylanyp, telekeçileriň türkmen manadyny dollara konwertasiýa edip bilýän pulunyň möçberiniň öňküsi ýaly saklanyp galýandygyny we onuň şertnamadaky ähli mukdaryň 2%-ne barabardygyny habar berdi.

Galyberse-de, Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň jogapkär resmileri puly konwertasiýa etmek ýeňillikleriniň näme sebäpden diňe käbir firmalar üçin dikeldilendigi barada özlerinde hem anyk maglumatyň ýokdugyny, ýöne agzalan firmalaryň arkasynda ýokary derejeli döwlet wezipe eýeleriniň durandygyny aýtdylar.

Ýatladyp geçsek, geçen aýyň ortalarynda, Türkmenistanda import bilen meşgullanýan telekeçileriň konwertasiýa etmek işlerinde bökdençlikleriň ýüze çykandygyny Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan telekeçi habar beripdi.

“Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri hem, geçen ýylyň dekabryndan bäri konwertasiýa etmäge ygtyýarly banklaryň hiç biriniň bu operasiýalary amala aşyrmaýandygyny mälim edipdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri ýurtdaky telekeçilige garşy ençeme tapgyr çäklendirme girizipdi. 2016-njy ýylyň ýanwarynda ýurtda dollaryň resmi söwdasynyň togtadylmagy bilen, bankdan konwertasiýa edip bolýan ýa-da öz hasabyňdan alyp bolýan daşary ýurt walýutasynyň mukdary hem çäklendirilipdi.

Bu ýagdaý ýurtda walýutanyň iki – döwlet we “gara bazar” kurslarynyň emele gelmegine getirip, häzirki wagtda 1 amerikan dollary döwlet kursunda 3 manat 50 teňňä barabar bolsa, “gara bazarda” ol 14 manada golaýlady.

2015-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi Banky telekeçileriň milli pul birligindäki bank hasaplaryndan awtomatiki konwertasiýany çäklendirip, nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberini bolsa, 35 müň manat, ýagny döwlet kursy bilen 10 müň amerikan dollary möçberinde kesgitläpdi.

2016-njy ýylda ýurduň banklaryndan türkmen telekeçileri daşary ýurt kärhanasy bilen baglaşan şertnamasyndaky umumy pul serişdesiniň 3%-ni konwertasiýa edip bilen bolsa, bu mukdar 1,4 – 2 prosente çenli azaldylypdy.

Döwlet emeldarlary we mediasy ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwründe, telekeçilere we konwertasiýa amallaryna girizilýän çäklendirmeler barada dymýarlar.

XS
SM
MD
LG