Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk kompaniýalaryny TOPH-a çekmek mümkinçiligi maslahatlaşyldy - TDH


TOPH taslamasynyň kartadaky ugry

Türk kompaniýalary TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Döwlet eýeçiligindäki TDH habar agentligi bu maglumaty Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglunynyň türkmen prezidenti bilen duşuşanda aýdan sözlerine salgylanyp ýaýratdy.

Bu habar Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Türkiýäniň “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak boýunça özara düşünişmek ylalaşygyna gol çekmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Ikinji tarapdan, türkmen hökümeti bilen iri we ownuk türk firmalarynyň arasyndaky algy-bergi dawalary dowam edýär.Türk biznesmenleriniň Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň öňünde piket geçirmeginden başga, golaýda soňky on ýylda resmi Aşgabadyň iň esasy gurluşyk hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanan “Polimeks” firmasy bilen hem arada algy-bergi meselesiniň dörändigi mälim boldy.

Emma muňa garamazdan, TDH prezident Berdimuhamedowyň türk kompaniýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň “netijeli häsiýetinden” kanagatlanýandygyny belleýär. Şeýle-de neşir türk kompaniýalaryny Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna çekmek mümkinçilikleriniň maslahatlaşylandygyny habar berýär. Emma bu maslahatyň detallary aýdyňlaşdyrylmaýar.

Mundan öň Saud Arabystanynyň hem TOPH-yň gurluşygyna maýa ýatyrjakdygy habar berlipdi we bu maýanyň möçberi açylmandy.

Ekspertleriň pikirlerine görä, uzak ýyllardan bäri dilden düşmän gelýän TOPH geçirijisiniň gurulmagynyň öňünde iki sany esasy kynçylyk bolup, olaryň biri maliýe, 10 milliard dollar çemesindäki serişde meselesi bolsa, ikinjisi Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary.

Elbetde, paýtagt Kabuldaky terror hüjümleri dowam edýän-de bolsa, owgan häkimiýetleri ýurduň iň howply ýerlerinden geçjek geçirijiniň howpsuzlygynyň üpjün ediljekdigini, ony 7 müň esgeriň gorajakdygyny aýdýarlar.

Hyzmatdaşlarynyň käbiri tarapyndan bergilerini töläp bilmezlikde aýyplanan “Türkmengaz” döwlet konsernibu gurluşygyň çykdajylarynyň 85 prosentini öz boýnuna aldy we, käbir ekspertleriň ynanmazlyk etmegine garamazdan, TOPH-yň türkmen böleginiň gurlandygy aýdylýar.

Şeýle-de türkmen hökümeti bu geçirijiniňowgan böleginiň gurluşygynyň şu aýda başlanjakdygyny yglan etdi. Bu dabara, metbugata habarlaryna görä, 23-nji fewralda geçiriler.

Bu proýektiň töweregindäki ýagdaýlary uzak wagt bäri ýakyndan synlaýan analitik Luka Ançeşiniň EurasiaNet neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, TOPH-y gurmak-da, soň goramak-da örän uly harajatlary talap eder.

Angliýanyň Glazgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça professorynyň tassyklamagyna görä, TOPH-yň owgan bölegi ýurduň iň bir durnuksyz sebitinden geçýär we onuň goragy üçin ummasyz kän serişde gerek bolar. Mundanam başga, Pakistanyň we Hindistanyň şeýle agyr we gymmat şertlerde getirilip biljek gazy näçe bahadan satyn aljagy belli däl.

Şu aralykda Eýranyň nebit ministri Bijan Namdar Zanganeh TOPH geçirijisiniň gurulmak mümkinçiligine şübhe bildirdi. Şeýle-de ol TOPH-yň Saud Arabystany we ABŞ tarapyndan Eýranyň regiondaky maksatlaryny bökdemek synanyşygy bolmak ähtimallygynyýaňzytdy.

TOPH, gurlup gutarylsa, 1814 kilometr aralyga uzap, Türkmenistanyň Galkynyş gaz ýatagyndan Hindistanyň Penjap ştatyndaky Fazilka şäherine gaz eltmeli. Onuň kuwwatlylygy ýylda 33 milliard kub metr gaz, ol gazdan Pakistanyň we Hindistanyň hersi 14 milliard kub metrini, Owganystan bolsa galan 5 milliard kub metrini satyn almaly.

XS
SM
MD
LG